Awst­ra­li­ýa­da dün­ýä­niň iň zä­her­li mör-mö­jek­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan guý­guç ke­rep mö­ýü­niň (lat: At­rax ro­bus­tus) has uly gör­nü­şi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Zoo­log­lar tä­ze ta­py­lan jan­da­ryň ulu­ly­gy 1-5 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýan ada­ty guý­guç ke­rep mö­ýün­den has uly we zä­her­li­di­gi­ni belleýärler. Awst­ra­li­ýa­ly alym­lar ta­ra­pyn­dan ta­py­lan jan­da­ryň reň­ki­niň go­ýy ga­ra­dy­gy mälim edildi.
Awst­ra­li­ýa­da en­de­mik jan­dar­la­ryň on­lar­ça gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Guý­guç ke­rep möý­le­ri bol­sa ýur­duň gün­do­gar se­bit­le­rin­de duş ge­lip, howp­ly jan­dar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bi­ler­men­ler tä­ze açy­şyň te­bi­gy dur­muş we zä­her­li jan­dar­lar ba­ra­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da iler­let­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.

Sel­bi ATA­ÝE­WA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.