Gazagystanyň Kostanaý welaýatynda umumy kuwwaty 1000 MWT bolan hem-de 300 MWT kuwwatyna eýe bolan elektrik energiýasyny toplaýjy ulgamly täze ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu iri taslamalaýyn işe gönükdiriljek maýa goýumlaryň möçberi takmynan 380 milliard teňňäni, ýagny 863 million Amerikan dollaryny düzýär.

Desganyň gurluşyk işlerine 2027-nji ýylyň baharynda başlanmagyna garaşylýar. Gurluşyk-gurnama işlerini doly tamamlamak we elektrik stansiýasyny ulanmaga bermek bolsa 2029-njy ýylyň ahyryna çenli göz öňünde tutulýar.

Iri energiýa taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen täze zähmet orunlarynyň 750-si dörediler.