Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetgurban Nazzyýew bilen söhbetdeşlik.

Sun­ga­tyň ja­dy­ly güý­ji bar. Ol özü­ne bir ben­di eden­soň, sy­nyň­dan as­ly­şyp se­ni öz goý­nu­na do­lap al­ýar, özü­niň ömür­lik ýol­da­şy edin­ýär. On­dan soň ol se­ni özün­den aň­sat daş­laş­dyr­ma­ýar. Te­at­ryň goý­nu­na ço­la­şyp, şo­nuň ömür­lik ýol­da­şy bo­lan ar­tist­le­riň bi­ri hem hä­zir­ki wagt­da ýet­miş ýa­şy ar­ka atan sah­na us­sa­dy Mu­ham­met­gur­ban Naz­zy­ýew­dir. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň Go­ňur oba­syn­da 1950-nji ýy­lyň 10-njy no­ýab­ryn­da dün­ýä inen Mu­ham­met­gur­ban Naz­zy­ýew, we­la­ýa­tyň Ke­mi­ne adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da tas ýa­rym asy­ra go­laý wagt­dan bä­ri zäh­met çe­kip gel­ýär. Biz hem ha­ly­pa­ly­ga ýe­ten ar­tis­tiň bu ugur­da ge­çen ýo­lu­na ser sa­lyp oňa bir­nä­çe so­wal­la­ry ber­dik.

Mu­ham­met­gur­ban, ar­tist­lik ýo­lu­na dü­şü­şi­ňiz ba­ra­da­ky gür­rüň­ler bi­len söh­be­di­mi­ze baş­la­ýa­lyň?

Ar­tist bol­ma­ga bo­lan hö­we­sim­den söh­bet aç­ma­ly bol­sam, he­niz mek­dep­de okan ýyl­la­rym­dan baş­la­ma­ly bol­ýa­ryn. Bi­ziň mek­dep ýyl­la­ry­myz­da, ýag­ny ge­çen asy­ryň alt­my­şyn­jy ýyl­la­ryn­da her ýyl­da il­ki oba­lar­da, soň et­rap­lar­da, we­la­ýat­lar­da, paý­tag­ty­myz­da aý­dym-saz, çe­per oka­ýyş, tans ýaly ugur­lar­dan ga­tyş­dy­ry­lyp fes­ti­wal­lar ge­çi­ri­ler­di. Sun­ga­ta hö­we­sek og­lan-gyz­lar mek­dep dö­wür­le­rin­de sah­na çy­kyp, oýun­lar­dan bö­lek­le­ri oý­nar­dy­lar, ma­ny-maz­mun­ly goş­gu­la­ry la­byz­ly okap, bäs­le­şik­le­re gat­na­şar­dy­lar. Bi­zem mek­dep­dä­ki dra­ma gur­na­gy­na gat­na­şyp­dyk. Oba­my­za gel­ýän uly ar­tist­le­riň sah­na oýun­la­ry­na se­re­dip, şo­la­ra meň­ze­jek bo­lar­dyk. 1966-njy ýyl­da mek­de­bi ta­mam­lap Aş­ga­ba­dyň po­li­teh­ni­ku­my­na oku­wa gir­dim. Ol ýer­de aý­dym-saz, aýak oý­ny, dra­ma ugur­dan gur­nak­lar bar­dy. Şol gur­nak­la­ra-da tej­ri­be­li hü­när­men­ler ýol­baş­çy­lyk ed­ýär­di­ler. Me­nem şon­da dra­ma gur­na­gy­na gat­naş­dym. Go­ýan oý­nu­myz şow­ly çy­kan­soň, te­le­ýaý­lym­da hem çy­kyş et­dik.

Şol okuw mek­de­bi­niň bi­rin­ji ýy­ly­ny gu­ta­ryp to­mus­ky dynç al­şa oba­my­za gel­dim. Şol dö­wür­de goň­şy oba­myz­da da­ba­ra­la­ryň, çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän uly me­de­ni­ýet öýi bar­dy. Men şol ýer­de us­sat tans­çy El­ýas Mäm­me­dow­den tans et­me­gi öw­ren­dim. Şol dö­wür­de, ýag­ny 1967-nji ýyl­da «Al­kyş aý­dym­la­ry» at­ly fes­ti­wal ge­çi­ril­di. Fes­ti­wa­la Öde­ny­ýaz No­ba­tow, Han Aky­ýew, Aman Şa­my­ra­dow, Aman­na­zar Ata­ýew ýa­ly meş­hur bag­şy-sa­zan­da­lar bi­len bi­le­lik­de bi­ziň to­pa­ry­myz hem gat­na­şyp­dy. Po­li­teh­ni­kum­da bir ýyl oka­nam bol­sam, sun­ga­tyň ja­dy­laý­jy güý­ji me­ni özü­ne ymyk­ly çek­ýär­di. Şeý­le­lik­de, bu ugur­dan çyn­la­kaý he­re­ket et­me­gi ýü­re­gi­me düw­düm, Po­li­teh­ni­ku­my bir gap­da­la go­ýup, 1967-nji ýyl­da ýur­du­my­za bel­li Mol­la­ne­pes adyn­da­ky dra­ma te­at­ry­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky üç ýyl­lyk stu­di­ýa oku­wa gir­dim. Ol ýer­de bi­ze sah­na us­sat­la­ry Aman Gul­mäm­me­dow, Be­gi Su­ha­now, Ça­ry Mom­ma­dow, Nur­mu­ham­met Keş­şi­kow, Dur­dy­mäm­met Ora­ýew, Aman Gur­ban­dur­dy­ýew da­gy­lar sa­pak ber­di­ler. Oku­wy gu­ta­ran ýy­lym har­by gul­lu­ga ça­gy­ryl­dym. 1970–72-nji ýyl­lar­da go­şun gul­lu­gyn­da bo­lan wag­tym hem es­ger­le­re ýö­ri­te hyz­mat ed­ýän me­de­ni to­pa­ryň ag­za­la­ry bi­len hal­kyň, es­ger­le­riň öňün­de kon­sert­le­ri, çy­kyş­la­ry gu­ra­dyk. Har­by gul­lu­gy ta­mam­lap ge­le­nim­den so­ň 1972-nji ýyl­da Ke­mi­ne adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ry­na işe gel­dim.

Teatr­da­ky il­kin­ji keş­bi­ňiz ba­ra­da söz açaý­sa­ňyz?
Şol wagt­lar teatr­da Ab­dyl­la (Bal­ly) Ýa­ku­bow oýun goý­ýar­dy. Ma­ňa-da ol jo­gap­kär­li keşp­le­riň bi­ri­ni — T. Ta­ga­no­wyň «Gö­mül­gen» oý­nun­da­ky Aý­dog­dy­nyň keş­bi­ni yna­ndy. Ol sy­nag üçin oý­nuň iň kyn sah­na­sy­ny jan­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy. Men sy­nag­dan şow­ly geç­dim. Ine, şol hem me­niň oý­nan il­kin­ji keş­bim bo­lup­dy.

Has şow­ly çy­kan keşp­le­ri­ňiz ba­ra­da bil­mek oky­jy­lar üçin gy­zyk­ly bo­lar­dy?
Men, dog­ru­sy, teatr­da on­lar­ça keşp­le­ri ýerine ýetirdim. Şo­la­ryň ara­syn­dan şow­ly çy­kan keşp­le­ri­miň bi­ri Gö­rog­ly­nyň «Öwez öý­le­nen» şa­ha­sy­nyň sah­na­laş­dy­ry­lan bö­lü­min­de ma­ňa yna­ny­lan Saň­sar ba­ba­nyň keş­bi­di. Oýun­da me­niň Saň­sar ba­ba bo­lup Gö­rog­ly bi­len ba­şa-baş du­rup gep­leş­ýän ýe­rim bar­dy. Me­niň oý­na­ýan keş­bim oý­nuň do­wa­myn­da di­ňe şol ýer­de gör­nüp gid­ýär­di. Şeý­le-de bol­sa, Saň­sar ba­ba­nyň keş­bi­ni tä­sin he­re­ket­ler bi­len oý­na­ma­gym ýe­ri­ne dü­şüp­di. Bir ge­zek şol oý­ny aş­ga­bat­ly­la­ra gör­kez­mä­ge gi­de­ni­miz­de ar­tist­lik ugur­dan sa­pak be­ren mu­gal­ly­my­myz, gör­nük­li ha­ly­pa ar­tis­ti­miz Aman Gur­ban­dur­dy­ýew oý­nu­my­zy syn­lap: «Myl­ly aga­nyň «Hu­ma­ra­la­sy­nyň» tö­we­re­gi­ne baş­ga bir sa­zan­da­nyň ba­ryp bil­meý­şi ýa­ly, se­nem Saň­sar ba­ba­nyň tö­we­re­gi­ne baş­ga ar­tis­ti ba­rar ýa­ly et­män­siň, tü­we­le­me, oý­nap bi­lip­siň» di­ýip ba­ha be­rip­di.
1996-njy ýyl­da oýun go­ýu­jy Gur­ban Hot­jy­ýew Han Aky­ýew bi­len Baý­ram Gur­ba­no­wyň ýa­zan «Ba­ba­gam­mar» oý­nu­ny sah­na­da goý­dy. Şol oýun­da ma­ňa il-gü­nüň halamaýan hä­si­ýe­tleri­ni özün­de jem­le­ýän We­li was­wa­syň keş­bi­ni ynan­dy­lar. Biz ol oý­nu­myz bi­len köp ýer­ler­de çy­kyş et­dik. Oý­nu­my­zy aş­ga­bat­ly­la­ryň öňün­de-de gör­ke­zip­dik. Şol dö­wür­ler­de Aş­ga­bat­da okap ýö­ren gy­zy­my hem oý­nu­my­zy gör­mä­ge ça­gy­ryp­dym. Oý­nu­myz ta­mam­la­nan­soň to­ma­şa­çy­la­ryň kä­bi­ri sah­na çy­kyp ha­la­ýan gah­ry­man­la­ry­na gül des­se­le­ri­ni gow­şu­ryp­dy­lar. Gy­zy­mam ýa­ny bi­len ge­ti­ren gül des­se­si­ni ma­ňa gow­şur­dy. Özü­mi oý­nan keş­bim bi­len to­ma­şa­çy­la­ra ýag­şy­ja ýig­ren­di­ren­di­rin-dä, edil şol pur­sat­da za­lyň or­ta­syn­dan da­ýaw aýal maş­ga­la­nyň bi­ri ýe­rin­den ör tu­rup: «Ol ýig­ren­jä nä­me üçin gül ber­ýäň?» di­ýip­di.
Bir ge­zek Dün­ýä türk­men­le­ri­niň ynsanperwer bir­le­şi­gi­niň Aş­ga­bat­da­ky ge­çi­ril­jek mas­la­ha­ty­na ga­bat­lap, Gur­ban Hot­jy­ýe­wiň re­žiss­ýor­lyk et­me­gin­de My­rat Ömü­riň «Sar­gyt» oý­nu­ny taý­ýar­la­dyk. Oýun­da­ky wa­ka­lar ha­ky­ky ýa­şap ýö­ren adam­la­ryň dur­mu­şyn­dan al­nan­dy. Şol oýun­da Ab­dyl­jep­ba­ryň keş­bin­de oý­na­dym. Dün­ýä­niň çar kün­jün­den ge­len türk­men­ler ol oý­nu­my­zy uly tol­gun­ma bi­len gar­şy­la­dy­lar. Oýun­dan soň Ger­ma­ni­ýa­dan ge­len Ab­dyl­jep­bar oýun­da­ky öz keş­bi­ni tol­gun­ma bi­len syn­lan­dy­gy­ny aý­dyp, ma­ňa gül des­se­si­ni gow­şu­ryp, öz min­net­dar­ly­gy­ny bil­di­rip­di, öz ýur­du­na myh­man­çy­ly­ga ça­gy­ryp­dy.
Uly şah­sy­ýet­le­ri sah­na­da jan­lan­dy­raý­mak aň­sat däl. 2014-nji ýyl­da bel­li dra­ma­turg Gow­şut­gel­di Da­ňa­ta­ro­wyň «Mä­lik şa» dra­ma­sy­ny te­at­ryň gör­nük­li re­žiss­ýor­la­ry­nyň bi­ri Ata Gul­la­row sah­na­da goý­dy. Şon­da oýun go­ýu­jy ma­ňa dün­ýä bel­li alym, şa­hyr, pel­se­pe­çi Omar Haý­ýa­myň keş­bi­ni oý­na­ma­gy ynan­dy. Onuň keş­bi­ni jan­lan­dyr­mak üçin en­çe­me ki­ta­byň gat­la­ry­ny dö­rüp, ge­rek­li mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bol­ma­ly bo­lup­dym. Şol okan ýer­le­rim­den keş­bi­me de­giş­li gah­ry­ma­nyň he­re­ket­le­ri­ni göz­läp ta­pyp­dym. Şeý­le­lik­de, şol oý­nan keş­bi­mem şow­ly çy­kan keşp­le­riň bi­ri bo­lan­dyr di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.
Umu­man, men teatr­da iş­län döw­rüm­de on­lar­ça keşp­le­ri dö­ret­dim. Olar­dan «Yn­ja­ma­syn ene­le­riň ýü­re­gin­de» Il­ha­nyň, «Wyž­dan­da» Hem­ra­nyň, «Myr­ryh ýyl­dy­zy­nyň şug­la­syn­da» Ga­mi­riň, «Köý­ten na­la­syn­da» Ar­zy­nyň, «Soň­ky ok­da» We­pa­nyň, «Bäh­bit päl­wan­da» Sö­ýü­niň, «Gyz ga­çan­da­da» Baý­na­za­ryň, «Gar sow­ga­dyn­da» Du­man­şa­nyň, «Sel­juk­na­ma­da» Mä­ne ba­ba­nyň, «Öwez öý­le­nen­de» Saň­sar ba­ba­nyň, «Gy­rat­da» Pa­ty­şa­nyň, «Ba­ba­gam­mar­da» We­li was­wa­syň, «Al­dar­kö­se­de» Al­dar­kö­sä­niň, «Gud­rat­ly sun­gat­da» we­zi­riň, «Do­gan do­ga­nyň ga­la­syn­da» we­zi­riň, «Je­la­let­din­de» Ga­ra Han­ja­ryň, «Sar­gyt­da» Ab­dyl­jep­ba­ryň, «Te­re­ke­de» Ne­pe­siň, «Al­tyn säh­ra­da toý­da» Ça­ka­nyň, «Jen­net mu­ka­myn­da» Der­wü­şiň, «El­wan ýag­lyk­ly ser­wim­de» Aman Žo­lo­wyň, «Ata pen­din­de» Ak sa­kgal ba­ba­nyň keşp­le­ri­ni ag­za­mak bo­lar.

Sah­na­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­da­ýyň ýü­ze çy­kan pur­sa­ty bo­lup­my­dy?
Sa­kar­çä­ge et­ra­by­nyň oba­la­ry­nyň bi­rin­de şeý­le ýag­daý bo­lup­dy. Işe il­ki baş­lan dö­wür­le­rim­de, ýag­ny ýet­mi­şin­ji ýyl­lar­da Ata Sa­ry­ýew ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan, Ab­dyl­la Ýa­ku­bo­wyň sah­na­da go­ýan «Uku­syz gi­je­ler» oý­nu­ny oba adam­la­ry­nyň öňün­de gör­kez­ýär­dik. Men oba şu­ra­sy­nyň keş­bin­de çy­kyş ed­ýär­dim. Oýun­da gal­ta­man­lar bi­len ba­şa-baş ur­şul­ýan ýe­ri bar­dy. Me­niň bir gal­ta­ma­nyň üs­tü­ne hop­ba bo­lup, he­re­ket et­me­li ýe­rim bar­dy. Nä­ta­kyk eden he­re­ke­tim se­bäp­li gal­ta­ma­nyň elin­dä­ki py­ça­gyň ujy go­şa­rym­dan çüm­di. Edil şol pur­sat­da zal­da otu­ran to­ma­şa­çy­la­ryň di­lin­den «Bä-ä, ar­tist­ler ha­ky­ky ýa­ly edip oý­na­ýar­lar-aýt» di­ýen jüm­lä­ni eşi­dipdim.

Maş­ga­la dur­mu­şy­ňyz bi­len hem ta­nyş­dy­raý­sa­ňyz?
Me­niň bir og­lum, üç gy­zym bar. Ola­ryň hem­me­si ýo­ka­ry bi­lim­li. Men döw­rü­mi­ze, öz maş­ga­la­my­zyň bag­ty­na gu­wa­nyp ýa­şa­ýa­ryn. Ynan­dy­ry­jy, çuň hä­si­ýet­li keşp­le­ri sah­na­da jan­lan­dyr­mak üçin elim­den ge­le­ni­ni edip zäh­met çe­kip ýö­rün. Iş edi­şi­ňe se­re­dip döw­le­ti­miz sy­la­gy­ňy-da ýe­tir­ýär. 1998-nji ýyl­da «Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin» me­da­ly bi­len, 2016-njy ýyl­da bol­sa «Ga­raş­syz­ly­gyň 25 ýyl­ly­gy» me­da­ly bi­len sy­lag­lan­dym. «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly ada hem 2009-njy ýyl­da my­na­syp bol­dum. Biz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gu­rup be­ren bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­syn­da ýa­şa­ýa­rys. Teatr­la­r sungatynyň mil­li bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek­de äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag,     öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­rin!

Söh­bet­deş bo­lan
Baý­ram­dur­dy My­ra­dow, ha­ly­pa mu­gal­lym.