Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda hem uly işler alnyp barylýar. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli medeniýet ulgamynda hem dürli köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutuldy.
Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan köp sanly döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Şygryýet ugry bilen baglanyşykly «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – kalbymyzyň joşguny» atly döredijilik bäsleşigi, türkmen bedewleri hem-de alabaýlary hakynda iň gowy goşgulary, poemalary, makalalary, hekaýalary döretmek boýunça «Dal bedewler – halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz – türkmen alabaýlary» atly döredijilik bäsleşigi, ýaş žurnalistleriň arasynda makalalary döretmek boýunça «Waspyň dillerde dessan – Arkadagly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigi, «Watanymyň gözelligi rowaçlygyň gönezligi» atly fotosuratlary düşürmek boýunça döredijilik bäsleşigi ýaly çäreler ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny giňden şöhratlandyrmaga bagyşlanýar.
Şeýle hem halkara derejesinde dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilip, olaryň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işleri boýunça halkara bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär.
Myrat MUHAMMEDOW,
Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň «Bereketli zaman»
şäherçesindäki medeniýet bölüminiň müdiri.