Adamzadyň we islendik janly-jandaryň ýaşamagy üçin öý ýa-da sümelge zerur bolup durýar. Tebigatda öý gurmakda tapawutlanýan, «ussat gurluşykçylar» adyna eýe bolan janly-jandarlaryň birnäçesi duş gelýär. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!
«Örümçiler» adyny alan möýleriň dünýäde 45 müňden gowrak görnüşi duş gelýär. Bularyň ählisi diýen ýaly ýaşajak öýüni kerepden örüp ýasaýar. Awstraliýada duş gelýän ýaprakly möý (phonognatha graeffei) öýüniň merkezinde guran ýaprak ýerleşdirýär. Bu möý guran ýapragyň içinde ýatyp, şol ýerde-de köpelýär. Möýler maýyşgaklygy, agram göterijiligi göz öňünde tutup öý gurýan ezber gurluşykçylardyr.
Arylar deňsiz-taýsyz ukyba eýe bolan zähmetsöýer mör-möjekleriň biridir. Amerikaly matematik Tomas Hales ary öýjükleriniň geometrik ölçeglere gabat gelýän iň gowy tebigy gurluşdygyny belleýär. Arylar az meýdanda altyburçluk öýleriň ýüzlerçesini gurmak arkaly iň amatly gurluşyk usulyny saýlap alypdyrlar. Arylar umumy perimetri ulanyp, öýlerini deň böleklere bölýärler.
Garynjalar haýwanat dünýäsiniň işeňňir öý gurujylary hasaplanýar. Mör-möjekleriň bu görnüşi uly depelerde, tekiz ýerde birnäçe metre uzaýan ýerasty öýleri gurýarlar. Tor ýaly çylşyrymly ýodalary bolan garynja «şäheri» oýulyp ýasalýar. Garynjalar gumy ölläp, ýodalary, öýleri we ammarlary ýasaýarlar. «Öýleriň ýykylmazlygy» üçin kömürturşy gazy bolan çygly toprakda gurluşyk işlerini geçirýärler. Garynjalar ýyly günlerde daşan dänedir azyk iýmitlerini ammarlara ýerleşdirýärler. Gyşyna «şäheriň» girelgesini ýapyp, ýaza çenli toplan iýmitleri bilen oňňut edýärler.
«Montezuma oropendola» ady bilen tanalýan bu guşlar Merkezi Amerikadaky tokaýlyklarda täsin asma höwürtgeleri gurýarlar. Ýumurtgasyny maýmynlardan goramak maksady bilen höwürtgäni agaçlaryň baldagynyň ujunda asma görnüşinde ýasaýarlar. Höwürtgesiniň berk bolmagy üçin üzüm çybyklaryndan, çyrmaşyk otlaryň baldagyndan peýdalanýarlar.
Gemrijileriň arasynda iň meşhur gurluşykçy samyr hasaplanýar. Samyrlar ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin suwuň üstünde bentleri ýasaýarlar. Bu gemrijiler bent gurmak üçin agajy gemrip ýykýarlar. Soňra agajy togalap getirip suwuň üstünde keseligine berkidýärler. Akyp gelýän gyrmançalar, çöp-çalamlar wagtyň geçmegi bilen agaja ýapyşyp, suwuň öňüne böwet bolýar. Şeýlelikde, samyrlaryň ýaşamagy üçin oňaýly bolan howuzly meýdança emele gelýär. Bu jandarlar sowukdan we ýyrtyjylardan goranmak üçin çöp-çalamdan ýasalan öýüniň daşyny palçyk bilen suwaýarlar. Samyrlar tebigatda iň gowy agaç ussasy hasaplanýar.
PDF









