Gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len el te­le­fon­la­ry kä­ha­lat­­da gy­zyp bil­ýär. Eý­sem, mu­nuň se­bä­bi nä­me­den­kä, öňü­ni al­mak üçin nä­me­ler et­me­li?!

Smart­fon­lar dür­li se­bäp­le­re gö­rä gy­zyp bil­ýär. El te­le­fon­la­ry­nyň kä­bir prog­ram­ma­la­ry we aý­ra­tyn­lyk­la­ry has köp ener­gi­ýa ta­lap ed­ýär. Şol prog­ram­ma­la­ryň köp wagt­lap ula­nyl­ma­gy, te­le­fo­nyň gyz­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Için­de bir to­par mag­lu­mat ge­çi­ri­ji bo­lan komp­ýu­ter­ler hem gyz­ýar. Em­ma, olar­da gyz­gyn­ly­gy daşyna üf­le­ýän per­ler bar. As­lyn­da, hä­zir­ki te­le­fon­lar hem komp­ýu­ter­le­riň ed­ýän işi­niň kö­pü­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýär. Em­ma te­le­fon­lar ki­çi bo­lan­soň, olar­da so­wa­dy­jy ul­gam däl-de, gyz­ma­gy­nyň öňü­ni aly­jy ul­gam bol­ýar. Te­le­fon­la­ryň ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň has kä­mil­leş­di­ril­me­gi we gyz­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar yzy­gi­der­li iş­le­nip dü­zül­ýär.

Is­len­dik te­le­fon uzak wagt­lap gep­le­şi­lme­gi ýa-da ek­ra­nyň açyk durmagy, mik­rop­ro­ses­so­ryň, çyrasynyň we ka­me­ra­synyň iş­le­dil­me­gi ze­rar­ly az­da-kän­de gy­zyp bil­ýär.

Mu­nuň öňü­ni al­mak üçin te­le­fon­da­ky äh­li ama­lyň işi­ni tog­tat­ma­ly. Se­bä­bi bir­ba­da bir­nä­çe ama­lyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi bi­len te­le­fo­na ag­ram düş­ýär. Zar­ýad ul­ga­myn­da­ky nä­saz­lyk hem te­le­fo­nyň gyz­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li en­ja­myň öz zar­ýad be­ri­ji­si­ni dog­ry ýag­daý­da ulan­ma­ly. Oýun prog­ram­ma­la­ry bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­ny­lan­da te­le­fon­da kä­bir nä­saz­lyk ýü­ze çyk­ýar. Şo­nuň üçin ara­kes­me et­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Zy­ýan­ly prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi (wi­rus) hem te­le­fo­nyň işi­ni ha­ýal­la­dyp, gyz­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da an­tiprog­ram­ma­lar ar­ka­ly te­le­fo­ny aras­sa­lap dur­ma­ly. Şeý­le hem te­le­fon­da gyz­gyn­ly­gyň öňü­ni al­ýan so­wa­dy­jy prog­ram­ma­la­ryň işi­ni ýo­la goý­ma­ly.