Dünýäniň iň uly Gün teleskopy, “Inouye” teleskopy taryhda ilkinji gezek Gün şöhlesiniň has jikme-jik suratlaryny aldy. Suratlarda ini 21-den 48 kilometre çenli uzaýan koronal aýlawlary görüp bolýar. Öňler aýlawlaryň ininiň 10-dan 100 kilometre çenli uzap biljekdigini çaklaýardylar, ýöne ony gözegçilikler bilen tassyklamak ýaňy-ýaňylar hem mümkin däldi.