Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde awtoulag satuwynyň 11,3 göterim ýokarlanandygy mälim edildi. Ýewropa awtoulag öndürijileri bileleşiginiň (ACEA) maglumatlaryna görä geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Ispaniýada 51,4 göterim, Italiýada 19 göterim we Fransiýada 8,8 göterim artan bolsa, Germaniýada 2,6 peselipdir. Şeýlelikde, sebitde 760 müň 41 göterim täze awtoulag satylypdyr. Satylan täze ulaglaryň 37,9 göterimi benzinli, 26 göterimi gibrid, 15,9 göterimi dizel, 9,5 göterimi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän, 7,1 göterimi zarýad berip bolýan gibrid we 3,6 göterimi beýleki ýangyçlar bilen işleýän ulag bolupdyr.
Bileleşige agza 27 ýurduň arasynda Germaniýada awtoulag satuwy azalan hem bolsa, iň köp awtoulag satylan ýurt bolupdyr. Ýurtda bir aýyň dowamynda 179 müň 247 awtoulag ýol hereketine goşulypdyr. Bu görkeziji Italiýada 128 müň 437, Fransiýada 111 müň 939 we Ispaniýada 64 müň 147 bolupdyr.
“Volkswagen” topary iň köp awtoulag satan kompaniýa bolup, 197 müň 490 ulag ýerläpdir. “Peugeot”, “Fiat”, “Citroen” we “Opel” ýaly brendleri jemleýän “Stellantis” topary ikinji orny eýeläp, 141 müň 160 awtoulag satypdyr. “Renault” topary 88 müň 636, “Hyundai” 68 müň 344 awtoulag satypdyr.
Emine Açilowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









