ABŞ-ly meşhur aýdymçy Teýlor Swift toý etjekdigini mälim etdi. Owadan aýdymçy “Instagram” akkaundynda “Iňlis dili mugallymyňyz we bedenterbiýe mugallymyňyz öýlenýär” diýip ýazdy.
Swift 2023-nji ýyldaky konsertinde amerikan futbolçysy Trawis Kelse bilen tanşypdy. Şondan bäri Swift söýgülisiniň futbol duşuşyklaryna, Kelse bolsa owadan aýdymçynyň konsertlerine barýar.
1989-njy ýylda doglan Kelse häzirki wagtda Kanzas Siti Çifs (amerikan) futbol toparynda oýnaýar. Süýgülisi bilen ýaşyt bolan Swift geçen ýyl milliarderleriň hataryna goşulypdy.