Ertekilerdir rowaýatlarda mekir jandar hökmünde suratlandyrylýan tilkileriň dünýäde 27 töweregi görnüşi bar. Çöl-beýewanlardan başlap, sähralyklarda we tropik tokaýlarda duş gelýän bu jandarlar 30 santimetr uzynlykdaky possunly guýrugy bilen tanalýar. Seýrek ýagdaýda duş gelýän täsin tilkileriň biri hem fenek tilkisidir. «Sahara tilkisi» hem diýilýän bu ýyrtyjy jandar Demirgazyk Afrikada, Sahara çölünde we Saud Arabystanynyň çäginde duş gelýär. Gurak we yssy howada ýaşaýan bu tilkileriň göwresiniň uzynlygy
35-40 santimetre, agramy 1-1,5 kilograma ýetýär. Görnüşi ýaly, bu tilki örän kiçi bolup, 14 ýyla çenli ýaşaýar. Fenek tilkisiniň 15 santimetr çemesi ululykdaky pakgaryp duran gulagy bolup, ösen eşidiş ukybyna eýedir. Sahara tilkisiniň penjesiniň aşagyndaky tüý örtügi jokrama yssyda çägäniň üstünde arkaýyn ýöremegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem kiçijik süýdemdirijileriň agymtyl-sargylt tüý örtügi Gün şöhlesinden goranmaga ýardam edýär.
Fenek tilkileri maşgala bolup ýaşaýarlar. Her maşgalada 10 töweregi tilki bolýar. Kiçijik tilkiler köplenç beýleki tilkilerden hinini goramak üçin öz aralarynda göreşýärler. Gumuň içinde hin gazyp ýaşaýan bu jandarlar, esasan, çekirtge, ownuk gemrijiler, hažžyk, guş we ýumurtga bilen iýmitlenýärler. Uzak wagtlap suwsuz oňup bilýän fenek tilkisi suwsuzlygyny gandyrmak üçin ösümlikleriň köklerini, miweleri we ter ýapraklary iýýärler. Sahara tilkisi, esasan, gijesine awa çykýar. Ýekelikde aw edýän bu jandarlar gulagyny ýere goýup, beýleki gemrijileriň hinini diňleýärler. Sesiň ýa-da hereketiň bardygyny duýsalar, dört aýagy bilen ýeri gazyp başlaýarlar. Fenek tilkisi hin gazyp aw etmek bilen bir hatarda, çägede gezip ýören gemrijilerdir çekirtgeleri kowalap tutýarlar.
2015-nji ýylda fenek tilkisi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň hataryna girizildi. Ylmy ady «Vulpes zerda» bolan fenek tilkisi Marokkoda, Alžirde, Tunisde we Müsürde kanuny esasda goralýar. Fenek tilkisi Alžiriň milli jandary hasaplanýar. Ýurduň milli futbol topary «Les Fennecs»-iň ady hem bu jandar bilen baglanyşyklydyr.