Beýik Britaniýanyň “Henry Aldridge&Son” auksion öýi 1912-nji ýylda batan “Titanik” gämisinden halas bolan ýolagçynyň hatyny satuwa çykardy. Arçibald Grasiýa atly ýolagçy bu haty 8-nji aprel güni ýazypdyr. Hat amerikaly kolleksiýaçy tarapyndan 400 müň dollara satyldy. Ýolagçy bu hatynda äpet gämi baradaky pikirlerini ýazýar. Ol gäminiň gowudygyny aýdyp, bu baradaky gutarnykly pikire gelmek üçin syýahatynyň tamamlanmalydygyny belleýär. Işewür hem-de ýazyjy bolan Grasiýa gäminiň 1-nji klasynda syýahat edipdir.
“Titanige” degişli bolan hakyky resminamalar we hususy zatlar kolleksiýaçylaryň ünsüni çekýär. Şol sebäpli olar gymmat bahadan satylýar. Mundan ozal gäminiň menýusy, bir jübüt ellik, halas ediji gaýyklaryň bölekleri gymmat bahalardan satylypdy.