1912-nji ýylda aýsberge urmagy netijesinde batan «Titanik» gämisine syýahat ýola goýlar. Atlantik ummanynyň demirgazygynda suwuň düýbünde ýatan gämini häzire çenli iki ýüzden gowrak adam gördi. ABŞ-nyň «OceanGate» kompaniýasy «Titanik» gämisine syýahaty ýola goýandygyny mälim etdi. Bu syýahata gatnaşmak isleýänler 250 müň dollar tölärler. Dört müň metr çuňlukdaky gämä syýahat jemi 8 gün dowam eder. «Titan» atly suwasty gämi bilen guraljak syýahatyň geljek ýylyň maý aýynyň ahyrynda amala aşyryljakdygy mälim edildi. Syýahata gatnaşjak adamlar ylmy barlagçylar bilen bilelikde Kanadanyň Newfoundland welaýatynyň Sent Jons şäherinden ýola çykyp, 600 km uzakdaky «Titanik» gämisiniň golaýyna bararlar. Soňra arheologlar we ýolagçylar ýörite ýasalan suwasty gämi bilen aşak – gäminiň ýanyna düşerler. Suwasty gämi «Titanik»-iň näderejede çüýrändigini görmek we bu ýerdäki ýaşaýşy öwrenmek üçin ýokary durulykdaky kameralar bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Maral HOJANIÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.