Londonda “Titanik” heläkçiligi beýan edilýän ilkinji otkrytka auksionda satylar. Auksion “Charles Miller” kompaniýasy tarapyndan geçiriler, otkrytka 2,5 – 3,5 müň dollar baha kesilýär.
Otkrytkanyň arkasyna ýazylan bu hat port şäheri Sautgempton şäherinde 1912-nji ýylyň 16-njy aprelinde ýolagçy gämisi gark bolanyndan 36 sagat soň ýazylypdyr. Hünärmenler, şol gün iberilen otkrytkanyň şol wakanyň iň irki ýazuw çeşmesidigini aýdýarlar. Şeýle-de otkrytkany iberen adamyň ýolagçylary daşamaga gatnaşandygy çak edilýär.
Otkrytkany muzeý ýa-da ony köpçülige hödürläp biljek bir adam satyn alar diýip umyt edýärin – diýip, otkrytkany auksiona çykaran kişiden “Evening Standard” gazeti sitata getirdi. Geçen güýzde “Titanik” gämi heläkçiliginde aradan çykan poçta işgäri Skott Wudiniň jübi sagady auksionda satylypdy.
“Titanik” ýolagçy gämisi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde özüniň ýeke-täk syýahatyna ugrap, Sautgemptondan ýola düşüpdir. Ol 14-nji aprelden 15-nji aprele geçilen gije Demirgazyk Atlantikanyň suwlaryndaky buzdagy bilen çaknyşyp, 2 sagat 40 minutdan soň gark bolupdyr. Heläkçiligiň netijesinde, takmynan, 1,5 müň adam aradan çykyp, 712 ýolagça we ekipažyň agzalaryna halas bolmak başardypdyr.