Biri-birinden owadan, dürli reňkde öwşün atýan totular aragatnaşyk saklamak üçin birnäçe sesleri ulanýarlar. Adamyň sesine öýkünip bilýän we diýeniňi yzyňdan gaýtalaýan totular dünýädäki iň akylly guşlaryň biri hasaplanýar. Aslynda, totularyň hemme görnüşi geplemegi başarmaýar. Afrika çal totusy (žako), Amazonka totusy, kellesi sary ýaşyl toty, kakadu, wolnistyý totusy, boýny halkaly hindi totusy, monah totusy (kalita) geplemegi başarýan guşlaryň iň meşhur görnüşleridir. Öýlerde saklanýan totularyň köpüsi özara gürrüňleri ýatda saklap, dürli sözleri aýdyp bilýär. Maglumatlara görä, totular 100 töweregi sözi ýat tutup, müňlerçe sese hem öýkünip bilýärler.
Totular islendik sese öýkünip, şol sesi gaýtalap bilýär. Gepleýän guşlar aýdýan sözüniň manysyna düşünmeýär. Diňe ýadynda galan sözleri yzygiderlilikde gaýtalap bilýär. Alymlaryň bellemegine görä, totular öwrenen sözlerini 1 günden 1 hepdä çenli, hatda ömürlik ýatda saklamagy başarýarlar. Bu eýjejik guşlar kiçiliginden öýde saklananda eýesiniň aýdýan sözlerini has çalt ýadynda saklaýar. Totularyň horazy mäkiýanyna görä, geplemegi has çalt öwrenýär. Öýkünjeň guşlar sözleri gaýtalamak bilen bir hatarda dürli oýunlary edip, eýesini şatlandyrýar.
Totularyň näçe görnüşi bar?
Köp öýlerde bezeg maksady bilen saklanýan totularyň Ýer ýüzünde 400-e golaý görnüşi bolup, bu guşlar gepläp bilýändigi bilen meşhurdyr. Totular üç uly topara (hakyky totular, kakadu we Täze Zelandiýa totulary) bölünýär. Totularyň esasy bölegi Günorta Amerikada we Awstraliýada ýaşaýar.
Totular uzak ýaşaýandygy bilen hem tapawutlanýar. Bilermenler bu guşlaryň uzak ýaşamagynyň syryny akyllydygy we ugurtapyjylygy bilen düşündirýärler. Ýagny totular dürli tebigy howplara garşy göreşip, çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykyp bilýärler. Şeýle hem iýýän zatlaryna ünsli çemeleşýärler. Totularyň uly görnüşleri kiçilerine görä has uzak ýaşaýar. Totularyň iň ulularynyň agramy 3-4 kilograma çenli ýetip, iň kiçileriniň agramy bolsa 10 gramdan geçmeýär.
Guşlara geplemegi nädip öwretmeli?
Adamlar totulary XV asyrda eldekileşdirip başlapdyrlar. Bu guşlaryň käbir görnüşi öýde saklamaga has amatly bolup, birnäçe sözi ýat tutduryp, dürli oýunlary öwredip hem bolýar. Amerikan totusy, wolnistyý totusy, Amazon totusy, žako we kakadu öý şertinde has köp saklanýar. Totularyň bu görnüşleri owadanlygy, akyllylygy we heňleri gaýtalap bilmegi bilen tapawutlanýar. Totularyň çüňki egri bolansoň, dili hem galyň bolýar. Şol sebäpli öýkünjeň guşlaryň eldekileşdirilen görnüşi sözleri az mukdarda ýat tutup we gaýtalap bilýär. Totulara sözi ýat tutdurmak we aýtdyrmak aňsat däl. Guşa aýtdyrmak isleýän sözüňizi her 2-3 minutdan 4-5 gezek gaýtalamaly. Totular görnüşine görä, 4-6 hepdeden 6 aý ýa-da 1 ýyla çenli geplemegi öwrenýärler. Guşlara geplemegi öwretmek üçin, jüýjeliginde ideg etmeli bolýar. Şeýle hem guşuňyzyň geplemegini isleseňiz ýeke saklamaly we kapasasynda aýna goýmaly däl. Şeýlelikde, öýde saklaýan guşuňyz size öwrenişer we aýdýan sözleriňizi has çalt gaýtalap başlar. Hatda käbir hereketiňize hem öýkünip biler.
Aleks: Dünýäniň meşhur totusy
Häzirki wagta çenli hasaba alnan iň akylly toty Aleks bolup, 50 jisimi, 7 reňki, 6 görnüşli şekili tanap, 8-e çenli sanap bilýärdi. Afrika çal totusyna (žako) degişli bu guş 31 ýaşady. Amerikan psihology Aýrin Pepperberg bu guşy 1 ýaşynda satyn alyp, dürli synaglardan geçirýär. Pepperberg «Aleks we men» atly kitabynda totular bilen bagly gyzykly maglumatlary getirip, geçiren synaglarynyň netijeleri barada belleýär. Aleks 100-den gowrak sözi ýatdan bilip, daş-töweregindäki jisimleri düşündirip bilipdir. Mysal üçin, bu guşdan «Şu nähili reňk?» diýip soralanda, dogry jogap beripdir. Hatda Aleks banan, alma ýaly miweleri tanap, tapawutlandyrmagy başarypdyr.
30 ýyllap synagda bolan Aleks soraglardan ýadan wagty yza gitmek isleýändigini aýdyp, «Synaglara gitmek isleýäňmi?» diýip soralanda sesini çykarman, kellesini aşak salyp oturýar eken. Ylmy synaglaryň çäginde Aleks soraglaryň 80 göterimine dogry jogap beripdir. Aleks 1976-2007-nji ýyllar aralygynda eýesiniň gözegçiliginde Angliýada we ABŞ-da ýaşady. Adatça žakolar öý gözegçiliginde 45 ýyla çenli ýaşaýarlar.
PDF









