Futbolda ýylyň dowamynda 2 gezek geçirilýän oýunçy alyş-çalşygy, ýagny transferler klublar üçin aýratyn uly orna eýedir. Tomusky transfer möwsümi tamamlanyp, klublaryň oýunçy alyş-çalşygy üçin sarp edilen puluň mukdary rekord dereje ýetdi. Klublar şu tomusda transfere 7,36 milliard dollarlyk maýa goýberdi. Şol sanda zenan futbolynda hem transfere goýberilen puluň mukdary hem artdy.

FIFA Transfer deňeşdirme ulgamy (TMS) bu barada giňişleýin hasabaty mälim etdi. Şoňa görä 1-nji iýun – 1-nji sentýabr aralygynda transfere harçlanan 7,36 milliard dollaryň 6,24 milliardy anyk transfer tölegleri bolup, galan mukdar goşmaça tölegleri (oýunçynyň, klubuň görkezjek başarnygyna bagly kesgitlenen mukdar) emele getirýär. Şunlukda, 2023-nji ýylyň tomsunda 2019-njy ýylyň tomsundaky 5,8 milliard dollarlyk rekord hem täzelendi. Umumylykda transfere goýberilen 7,36 milliardyň 6,01 milliardy Ýewropa klublaryna degişlidir. Aziýa klublary bolsa 1,03 milliard dollarlyk sarp ediş bilen 2-nji ýeri eýeledi.

Tomusky transferleriň soňky ýyllaryna seredenimizde, 2017-nji ýylda 5 milliard, 2018-nji ýylda 5,26 milliard, 2019-njy ýylda-da 5,8 milliard dollarlyk oýunçy alyş-çalşygy hasaba alnypdy. Pandemiýanyň ýüze çykmagyndan soň görkezijiler az owlak peselip, 2020-nji ýylda 4,02 milliard, 2021-nji ýylda 3,85 milliard dollara düşüpdi. Ýöne 2022-nji ýylda täzeden 5 milliard dollardan geçipdi.