Türkiýäniň energiýa we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar jemgyýetçilik torundaky akkaundynda “Türkiýe-Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygymyzda taryhy ädim ätdik” diýip ýazdy. Ministr öz akkaundynda “BOTAŞ bilen “Türkmengaz”-yň arasynda türkmen gazynyň ýurdumyza gelmegini üpjün etjek ylalaşyga gol çekdik. Şu gün geçen ýylyň mart aýynda hormatly Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň huzurynda Antalýada gol çeken tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegi babatda ähtnamanyň hakyky netijesine ýetdik. Ylalaşyga görä, gaz akyşynyň 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlanmagy meýilleşdirilýär. Uzak ýyllap üstünde işlenen bu ylalaşyk ýurdumyzyň we sebitimiziň tebigy gaz howpsuzlygyny güýçlendirip, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has öňe ilerleder” diýip belledi.