Türki döwletleriň agzybirligi we olaryň bilelikdäki innowasion mümkinçilikleri sebitiň dünýäniň tehnologik kartasynda güýçli merkezleriň birine öwrülmegine ýol açar hem-de täze ykdysady şertleri döreder. Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde çykyş eden Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow munuň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Ýurtlaryň özara tejribe alyşmak we tehnologik integrasiýany çuňlaşdyrmak arkaly häzirki zamanyň wezipelerine bilelikde garşy durup biljekdikleri bellenildi.
Gyrgyzystanyň lideriniň nygtamagyna görä, ulag geçelgeleriniň sanly platformalar bilen utgaşdyrylmagy dünýäniň ýük daşamak ulgamynda türki döwletleriň eýeleýän ornunyň has-da berkemegine ýardam eder. Bu bolsa sebitara hyzmatdaşlygy we ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde täze ugurlary açýar.
PDF









