Ýewropada emele gelen çynlakaý guraklyk sebäpli Dunaý derýasynyň suw derejesi taryhyň iň pes görkezijisine düşüp, Serbiýa bilen Rumyniýanyň serhedinde Ikinji jahan urşy döwründe suwa batan 200-e golaý harby gäminiň galyndylaryny, şeýle hem köp sanly artefaktlary ýüze çykardy. Şol bir wagtyň özünde derýanyň bütin akymy boýunça Bolgariýada gadymy mamontyň süňkleri, Wengriýanyň çäginde bolsa uruşdan galan motosikl we beýleki zatlar tapyldy. Mundan başga-da, emele gelen guraklyk sebitde diňe bir taryhy galyndylary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, Rumyniýada gämi gatnawlarynyň bökdemegine, Serbiýada gidroenergetika kuwwatynyň peselmegine hem-da Wengriýanyň «Pakş» atom elektrik stansiýasynyň işiniň togtadylmagyna sebäp bolup, sebitiň ykdysady we energetika düzümine düýpli täsirini ýetirýär.