2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary tutuş halkymyz bolup uly buýsanç, ruhubelentlik bilen kabul etdik. Bu habar kalbymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyza bolan beýik watansöýüjilik, il-ýurda ygrarlylyk duýgularymyzy, ata Watanymyzy halkara derejesinde şeýle abraý-mertebeli belentliklere göterýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur hormat-sarpamyzy arşa göterdi. Göwnümizi ganatlandyran ýakymly duýgular bolsa, asuda, abadan, bedew batly ösüşleri bilen diňe öňe barýan güneşli Diýarymyz, bagtyýar halkymyz, çüwen ykbalymyz barada ýürek sözümizi aýtmaga höweslendirdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan adalatly, demokratik, dünýewi we hukuk döwlet hökmünde, gysga döwrüň dowamynda dünýäde uly abraý-hormata mynasyp boldy. Ýurdumyzda halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Watanymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostluk hem ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary berkitmäge, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşýan başlangyçlary öňe sürýär, bu ugurda halkara forumlary yzygiderli geçirýär. Ine, 19-njy martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen forum hem sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanyp, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin strategiki ähmiýete eýe bolan söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň geljegini nazarlamakda uly ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, derwaýys meseleler barada ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlaryny beýan etmegi has-da ähmiýetli boldy.
Häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän hemişelik Bitarap Watanymyz multimodal ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak, ynanyşmak arkaly abadan durmuşy berkarar etmek ugrunda möhüm taslamalara badalga berýär.
Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň hatarynda goýulýar. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan hemişelik Bitarap Türkmenistan adamzadyň bu naýbaşy gymmatlygynyň mizemez ýollaryny gurup, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygyň we agzybirligiň ösmegine uly goşant goşýar. Ol dünýä döwletlerini ynanyşmaga, ynsanperwerlige we hyzmatdaşlyga çagyrýar.
Halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak bilen bir hatarda, dünýä we sebit abadançylygyny pugtalandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Selbi BABAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.