Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.
Şol günlerde ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim hem-de beden terbiýe we sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler. «Açyk gapylar» güni institutda şu ýylyň 14 — 19-njy apreli aralygynda her gün sagat 14:00-dan 19:00-a çenli dowam eder. Salgysy:Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.
Telefon belgileri:22-64-02,22-65-47.
Elektron salgysy :tdbsi@sanly.tm