11-nji oktýabrda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda Belarusyň Ýefrosini Poloskiý adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri merkeziniň müdiri Žurawskaýa Olga Wiktorowna talyplara umumy okuw sapagyny geçdi.
Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda durnukly ösüşiň netijesi hökmünde sanly ykdysadyýet, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, tebigy we takyk ylymlar boýunça alnyp barylýan işler barada nygtalyp geçildi. Umumy okuw sapagynyň barşynda institutyň talyplary bilen myhman okatmagyň, dil öwrenmegiň dürli usullary boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi.