22-23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy.
Dostlukly saparyň ikinji gününde – 23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmansöýer gyrgyz topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi. Bu künjekdäki täsin şäher Yssyk-kölüň örän arassa suwlary bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Munuň özi gyrgyz halkynyň açyklygynyň, myhmansöýerliginiň we baý däp-dessurlarynyň nyşany bolup durýar.
Gyrgyz Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparynyň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şunda Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Dostlukly döwletiň Baştutany Gyrgyz Respublikasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de doganlyk türkmen halkyny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek giň gerimli baýramçylyklar bilen gutlady.
Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşandy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy syýasy-diplomatik ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezip, ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edendigini aýdyp, şu ýyl Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen, ilkinji nobatda, sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirýändigini nygtady. Şunda 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forum aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Sadyr Žaparowyň bu forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.
Biziň ýurtlarymyz halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça bitewi ýa-da ýakyn garaýyşlar bilen çykyş edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany goldandygy we awtordaş bolup çykyş edendigi üçin hem gyrgyz tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna degişli Kararnamalaryň (1995-nji we 2015-nji ýyllaryň Kararnamalaryndan soňra) üçünjisidir. Biz mundan beýläk-de siziň halkara ähmiýetli, dag meselesine degişli teklipleriňizi ilerletmek boýunça tagallalaryňyzy goldarys. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji aprelde Bişkekde geçiriljek «Durnukly ösüşiň bähbidine ählumumy dag dialogy» atly halkara maslahata ýurdumyzyň degişli wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýtmak isleýärin diýip, Milli Liderimiz belledi we bu maslahatyň 2027-nji ýylda geçiriljek «Bişkek+25» ikinji ählumumy Bişkek dag sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Biz Merkezi Aziýada parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýarys. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýetini bellemek gerek diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň awgustynda Astanada geçirilen altynjy konsultatiw duşuşykda kabul edilen sebit integrasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa – 2040» konsepsiýasynyň hem-de 2025 – 2027-nji ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» wajypdygy nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi. Ulag ulgamy biziň hyzmatdaşlygymyzda wajyp orny eýeleýär. Biz sebitimiziň ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan ugry strategik taýdan möhüm ädim bolup durýar. Biz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Taraplaryň tagallalary bilen ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz topary döredildi. Onuň ilkinji mejlisi şu ýylyň 28 – 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi döwletlerimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder.
Şeýle hem ýurtlarymyzyň ösmegine uly goşant goşan ajaýyp şahsyýetlere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi. Biz Gyrgyz Respublikasynyň milli toparlaryny Türkmenistanda geçirilýän dürli ýaryşlara hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga uly höwes bilen çagyrýarys. Munuň özi sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň hem nyşanyna öwrüler diýip, Milli Liderimiz belledi.
Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň, hemişe bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasy bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin açyk bolmagynda galýandygyny nygtady.
Gyrgyz Lideri Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny alyp barmaga jogapkärçilikli çemeleşýändigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň beýan eden başlangyçlarynyň ählisini goldaýandygyny aýtdy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler.
Türkmenlerde bolşy ýaly, gyrgyzlarda hem ak öýe aýratyn sarpa goýulýar. Ol diňe bir däp bolan ýaşalýan öý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ençeme asyrlyk medeniýetiň hem möhüm bölegi hasaplanýar. Ol öý-ojagy, maşgalany, halkyň durmuş ýörelgelerini alamatlandyrýar. Sökülýän, bir ýerden başga bir ýere aňsatlyk bilen göçürilýän ak öý gyşyna ýylylygy, tomsuna bolsa salkyn howany üpjün edýär. Ak öýüň tüýnüginiň Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdagynda şekillendirilmegi hem tötänden däldir. Bir söz bilen aýdylanda, ak öý geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, taryhyň sahypalaryna aralaşmaga, gadymy çarwadarlaryň baý medeniýetiniň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň gözbaşlaryna has oňat düşünmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen-gyrgyz dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar – milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna bardylar.
10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär. Toplum 2014-nji ýylda Çarwadarlaryň birinji bütindünýä oýunlaryndan soňra guruldy. Çarwadarlar siwilizasiýasynyň medeniýetini dikeltmek we aýawly saklamak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň milli sport görnüşleri boýunça bu iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi häzirki wagtda asylly däbe öwrülip, dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar – Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen «žorgo», «gök-böri» we «salburun» oýunlary görkezildi.