Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de adam­la­ryň kö­pü­si pu­ly tyg­şyt­syz sow­mak we aşa köp sarp et­mek bi­len, ma­li­ýe kyn­çy­lyk­la­ry­ny baş­dan ge­çir­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ada­ma köp ba­bat­da öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän bu ýag­da­ýyň öňü­ni alyp bol­ýar. Mu­nuň üçin kä­bir usul­lar­dan peý­da­lan­mak ýe­ter­lik.
Ze­rur­lyk­la­ry we is­leg­le­ri ta­pa­wut­lan­dyr­mak. Her aý özü­ňe we maş­ga­la­ňa sarp edil­ýän se­riş­de­le­ri göz­den ge­çir­me­li. Nä­me­le­riň has ze­rur­dy­gy­ny we haý­sy za­dyň ge­rek däl­di­gi­ni kes­git­le­me­li. Is­len­dik ha­ry­dy sa­tyn al­maz­dan ozal özü­ňe «Ma­ňa bu ha­ky­kat­da­nam ge­re­k­mi?» di­ýen so­ra­gy ber­me­li. Ze­rur bo­lan ha­ry­dyň ýa-da se­riş­dä­niň ge­rek­li öl­çe­gi­ni (bö­le­gi­ni) sa­tyn al­ma­ly. Ar­tyk­maç ýa-da has köp al­mak­dan sak­lan­ma­ly.
Sa­naw düz­me­k. Pu­ly tyg­şyt­la­mak üçin me­ýil­leş­di­ril­me­dik söw­da­dan ga­ça du­rup, sa­naw düz­me­li. Ba­za­ra ýa-da söw­da mer­ke­zi­ne bar­lan­da sa­na­wa gö­rä söw­da et­me­gi en­dik et­me­li. Ar­zan­la­dyş­lar­dan ýa-da ýa­ny bi­len sow­gat be­ril­ýän ha­ryt­lar­dan ga­ça dur­ma­ly.
Mi­ni­ma­lis­tik düz­gü­ne eýer­me­k. Az, ýö­ne ýo­ka­ry hil­li zat­la­ry ulan­mak ar­ka­ly pu­ly tyg­şyt­lap bolýar. Mi­ni­ma­lis­tik düz­gü­ne gö­rä, ýo­ka­ry hil­li az zat sa­tyn alyp, uzak wagt­lap ulan­ma­ga ça­lyş­ma­ly.
Dur­nuk­ly sarp ediş en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek. Im­port edil­ýän önüm­le­riň de­re­gi­ne ýer­li we te­bi­gy önüm­le­ri saý­la­mak pu­ly tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Kä­bir azyk iý­mi­ti­ni (ha­myr­ly iý­mit­ler, gap­la­nan gök önüm­ler) öý şer­tin­de te­bi­gy usul­lar bi­len özü­ňiz hem taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz. Plas­tik çüý­şe, ka­gyz kä­se we plas­tik tor­ba ýa­ly bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan önüm­ler­den ga­ça dur­mak hem ma­li­ýe çyk­da­jy­la­ry­ny azald­ýar. Bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan önüm­le­riň de­re­gi­ne uzak wagt­lap ula­nyp bol­ýan ha­ryt­la­ry saý­la­mak sag­lyk üçin hem peý­da­ly­dyr.
Be­jer­dip gaý­ta­dan ulan­mak. Öý­de wag­tal-wag­tal aş­ha­na en­jam­la­ryn­da, suw we elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myn­da, me­bel­dir ham­mam se­riş­de­le­rin­de kä­bir säw­lik­ler ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le ýag­daý­da tä­ze­si­ni al­mak­dan sak­la­nyp, ulan­mak müm­kin­çi­li­gi bo­lan en­jam­la­ry be­jert­me­li hem-de gaý­ta­dan ulan­ma­ly.
Mo­da ko­wa­laş­maz­lyk. Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ryn­da, egin-eşik brend­le­rin­de ýa-da aw­tou­lag mar­ka­la­ryn­da mo­da ko­wa­laş­mak­dan sak­lan­ma­ly. Kä­bir ha­ry­dyň ýy­lyň-ýy­ly­na, hat­da her aý tä­ze gör­nü­şi­niň çyk­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, özüň­dä­ki ulan­ma­ga ýa­ram­ly bo­lan es­bap­lar bi­len oň­ňut et­mä­ge ça­lyş­ma­ly. Bu ma­li­ýe çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­makda üns ber­me­li iň esa­sy usul­la­ry­nyň bi­ri­dir.