25-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumy geçirildi. Oňa hytaýly myhmanlar, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen ulag-logistika merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu forum Türkmenistan bilen Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksady bilen geçirilip, birnäçe esasy ugra gönükdirildi. Hususan-da, duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmakdan, täze söwda mümkinçiliklerini öwrenmekden, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şonuň ýaly-da, foruma gatnaşyjy taraplar logistika pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge degişli özara gyzyklanma döredýän meseleler barada pikir alyşdylar.
Çykyşlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň alyp barýan işi ikitaraplaýyn hereketleri işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Bellenilişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlarda, aýratyn-da, nebitgaz, ulag-logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, söwda dolanyşygy, oba hojalygy, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Türkmen tarapynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, soňky ýyllarda Türkmenistanda önümçilik ulgamyna döwlet hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmek bilen, milli ykdysadyýetiň okgunly ösmegi üçin mäkäm binýadyň döredilendigini nygtadylar. Çykyşlarda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, gurluşyk, senagat, önümçilik, oba hojalygy we ekologiýa ulgamlarynda, dokma pudagynda, tehnika, tehnologik taýdan üpjünçilik babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi.
Foruma gatnaşyjylar, şol sanda telekeçiler, işewür düzümleriň wekilleri öz degişli ugurlary boýunça ozal ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek, bar bolan mümkinçilikleriň esasynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça täze ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmak babatda anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti
PDF








