Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi ban­ky Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 1-nji de­kab­ryn­dan 1, 5, 10 ma­nat­lyk mo­di­fi­sir­le­nen po­li­mer bank­not­la­ry, şeý­le hem tä­ze 200 ma­nat­lyk po­li­mer bank­no­ty do­la­ny­şy­ga gi­riz­di.
Bu pul­la­ryň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy ha­pa­lan­ma, kö­nel­me, ze­per­len­me ýa­ly daş­ky tä­sir­le­re dur­nuk­ly­ly­gy­dyr. Şeý­le hem ola­ryň go­rag ala­mat­la­ry has güýç­len­di­ri­lip, ha­ky­ky­ly­gy­ny tas­syk­la­ýan şe­kil­le­ri wi­zu­al taý­dan kä­mil­leş­di­ril­di.
1, 5 we 10 ma­nat­lyk bank­not­la­ryň reň­ki hem-de şe­ki­li öň­ki gör­nüş­de sak­la­nyp, olar­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ny­şa­ny şe­kil­len­di­ri­len­dir. 200 ma­nat­lyk bank­no­tyň ýüz ta­ra­pyn­da «Ar­ka­dag» bi­na­sy­nyň, ar­ka ta­ra­pyn­da bol­sa Ar­ka­dag şä­her hä­kim­li­gi­niň eda­ra ediş bi­na­sy­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­lip­dir. Türk­men ma­na­dy Türk­me­nis­ta­nyň res­mi mil­li pul bir­li­gi­dir. Ol ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ugur­la­ryn­da do­la­ny­şyk se­riş­de­si hök­mün­de giň­den ula­nyl­ýar. Ma­nat di­ňe bir tö­leg se­riş­de­si bol­man, eý­sem, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­raş­syz­ly­gy­nyň, ma­li­ýe ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­nyň we döw­let gur­lu­şy­nyň mö­hüm ny­şa­ny­dyr.
Ma­nat ýur­duň iç­ki yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň mö­hüm esa­sy­dyr. Ol içer­ki we hal­ka­ra söw­da­da ha­sap­la­şy­gy üp­jün ed­ýär hem-de ýur­du­myz­da­ky bank hyz­mat­la­ry­nyň alnyp ba­ry­ly­şy­ny güýç­len­dir­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te ge­çiş çalt­lan­dy­ryl­ýar. Bank hyz­mat­la­ry­nyň elekt­ron gör­nüş­le­ri, san­ly tö­leg ul­gam­la­ry we on­laýn bank hyz­mat­la­ry gi­ňel­dil­ýär. Mu­nuň özi ma­na­dyň döw­re­bap mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.
Bu müm­kin­çi­lik­le­riň äh­li­si ma­na­dyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti bi­len saz­la­şyk­ly ge­liş­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Türk­men ma­na­dy­nyň da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­la­ry­na de­ňag­ram­ly­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr. Türk­me­nis­tan öz mil­li wal­ýu­ta­sy­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­nyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Türk­men ma­na­dy döw­let ga­raş­syz­ly­gy­nyň we yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň mö­hüm bö­le­gi­dir. Onuň ta­ry­hy, dö­re­di­li­şi we hä­zir­ki ösü­şi ýur­du­my­zyň ma­li­ýe ul­ga­myn­da uly or­ny eýe­le­ýär. Mil­li pu­luň tä­ze­den kä­mil­leş­di­ril­me­gi hem-de onuň san­ly ul­gam­la­ra uý­gun­laş­dy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň tä­ze bas­gan­çak­la­ry­na ýol aç­ýar.

Goç­my­rat HAL­LY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.