31-nji aw­gust – 6-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da Gyr­gy­zys­tan­da Çar­wa­dar­la­ryň VI Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu dä­be öw­rü­len oýun­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na oňa gat­naş­ýan ýurt­la­ryň mil­li oýun­la­ry­nyň 40-dan gow­ra­gy gi­ri­zi­lip­dir. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da türk­men mil­li gö­re­şi­niň hem my­na­syp orun alan­dy­gy­ny aýt­mak ge­rek.
Çar­wa­dar­la­ryň VI Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry halk­la­ryň sport we me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak hem-de ös­dür­mek üçin hal­ka­ra meý­dan­ça­sy­na öw­rül­di. Türk­men mil­li gö­re­şi­niň Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­me­gi onuň mil­li sport gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­di.
Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na 2014-nji ýyl­da 19 döw­let gat­na­şan bol­sa, 2026-njy ýyl­da ola­ryň sa­ny­nyň re­kord de­re­jä ýet­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Hu­su­san­da, şu ýyl 20-ä go­laý ýur­duň we­kil­le­ri­niň et­nos­port ýa­ry­şy­na il­kin­ji ge­zek gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Ýa­ryş­la­ryň açy­lyş we ýa­py­lyş da­ba­ra­sy Biş­kek şä­he­rin­de gu­ra­lar. Bäs­le­şik­ler bol­sa Ys­syk-Köl­de do­wam eder. Gu­ra­ma­çy­lar her 2 ýyl­dan bir ge­zek gu­ral­ýan ýa­ry­şa dost­luk­ly ýurt­lar­dan 100 müň­den gow­rak ada­myň gat­naş­ma­gy­na ga­raş­ýan­dyk­la­ry­ny ha­bar ber­ýär­ler.
Türk­me­nis­tan üçin bu et­nos­port fo­ru­myn­da çy­kyş et­mek aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Çün­ki mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da türk­men tür­gen­le­ri dür­li ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­län hal­ka­ra meý­dan­ça­syn­da öz us­sat­lyk­la­ry­ny dün­ýä sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar.

Çeş­me: sportcom.gov.tm