Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýum işjeňligini artdyrmaga hem-de işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen türkmen-özbek işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa 20-ä golaý hususy kärhananyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, işewür toparlary wekilçilik etdi. Özbek wekiliýetine goňşy ýurduň «O‘zsanoatqurilishmateriallari» birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy Ilýos Rahimow ýolbaşçylyk etdi.
Özbegistanly wekilleriň belleýşi ýaly, gurluşyk serişdeleri ulgamynda senagat kooperasiýasyny ilerletmek iki goňşy ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlykda geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Ägirt uly çig mal gorlaryna we senagat mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge özbek tarapy uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurduň gurluşyk serişdeleri senagatynda iş alyp barýan 10 müňden gowrak döwlet we hususy düzümleri özüne birleşdirýän, dünýäniň 60-dan gowrak ýurduna önümleri eksport edýän «O‘zsanoatqurilishmateriallari» birleşiginiň mümkinçilikleri barada giňişleýin durlup geçildi.
Öz gezeginde, türkmen tarapynyň wekilleri hem ýurdumyzdaky döwlet we hususy eýeçilige degişli iri önümçilik desgalary, olarda öndürilýän önümleriň görnüşleri barada gürrüň berdiler. Esasy çäreler bilen ugurdaşlykda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesi geçirildi. Olarda özara söwda dolanyşygynyň yzygiderli artdyrylmagy ugrunda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. Özbek wekiliýetiniň agzalary saparynyň çäklerinde ýurdumyzdaky gurluşyk serişdelerini öndürýän hususy kärhanalarda bolup, işleriň guralyşy, önümleriň görnüşleri, eksport we tehnologiýa mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti
PDF









