12-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmen-Saud Parlamentara dostluk toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekde alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy hem-de Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtaldy.
Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, özleriniň gadymy däplere ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň, sebitara we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda özara garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ösüş Maksatnamasy we onda meýilleşdirilen maksatlar bilen tanyşdyryldy we iki ýurduň arasyndaky dostlukly parlamentara gatnaşyklaryň uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Çeşme: mejlis.gov.tm