Türkmenistanly talyp 24-nji awgustda Moskwada badalga alan «Puşkin bilen tomus» atly rus dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça guralýan halkara maksatnama gatnaşýar. Bu barada HHM habar berýär.
Bu maksatnama 6-njy sentýabra çenli A.S.Puşkin adyndaky rus dili döwlet institutynda dowam eder. Dil maksatnamasyna Türkmenistan, Ermenistan, Gana, Müsür, Gazagystan, Gyrgyzystan, Liwiýa, Nigeriýa, Täjigistan we Özbegistan ýaly 10 ýurtdan talyplar gatnaşýarlar.
Taslama zehinli ýaşlary goldamak üçin guraldy we rus dilini çuňňur öwrenmäge, şeýle hem häzirki Russiýanyň taryhy, medeniýeti bilen tanyşmaga gönükdirilendir. Maksatnama gatnaşmak üçin 35 ýurtdan 435 ýüztutma tabşyryldy, şolaryň diňe 20-si maksatnama gatnaşmaga mümkinçilik aldy.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, maksatnamanyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar rus dilini we Russiýanyň özlerinde galdyran täsirlerinidir bilimlerini görkezýän döredijilik taslamalaryny taýýarlarlar.