2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin şäheri) arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň tejribesi bilen tanyşmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen, 29-njy iýundan 20-nji iýul aralygynda talyplar topary uniwersitetiň mugallymynyň ýolbaşçylygynda Pekin şäherinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
3 hepdelik dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, uniwersitetiň talyplary Hytaýyň nebit uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen tanyşýarlar. Tejribeligiň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Şeýle hem talyplar “Hytaý diliniň esaslary”, “Hytaý medeniýeti” boýunça hem-de “Ýaşyl energiýa, uglerod zyňyndylaryny azaltmak”, “Nebitiň we gazyň geljegi”, “Ýüpek ýoly boýunça energetika hyzmatdaşlygyň geljegi” atly gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar.
Hytaýyň nebit uniwersitetinde geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini daşary ýurt tejribesi bilen baýlaşdyrmaklaryna ýardam eder.
Şeýle hem şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplarynyň ikinji topary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “Internasional Ltd” Türkmenistandaky şahamçasynyň ýurdumyzda ýerleşýän önümçilik desgalaryna tomusky önümçilik tejribeligini geçmeklige ugradyldy.

Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.