15 ýaşly türkmen dzýudoçysy Käkilik Derýaýewa Gazagystanyň Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Käkilik Derýaýewa hormat münberine barýan ýolda dört ýeňiş gazandy. Ol birinji tutluşykda eýýäm 36-njy sekuntda Sarwinoz Abdusamadowany (Özbegistan) şeksiz ýeňdi, soňra ippon arkaly Hongorzul Ariunzorigden (Mongoliýa) üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa K.Derýaýewa Nargiza Dustmamatowadan (Özbegistan) ýeňildi, şondan soň teselli ýaryşynda Zarnigor Ulaşowadan (Özbegistan) ipponda üstün çykdy we bürünç medal ugrundaky göreşde Zlata Şwaýgerti (Gazagystan) ýeňdi.