Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Atamyrat Altyýewiñ ýolbaşçylygynda uniwersitetiň 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyň ylmy esaslary atly ylmy iş bilen Türkmenistandan wekilçilik edip, şu aşakdaky netijeleri gazandylar:
-Daşky gurşawy goramak ylmy kategoriýasy boýunça 1-nji orna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.
-Malaýziýanyň ýaş alymlar organizasiýasynyň (MYSO) 2025 gowy ylmy iş üçin Ýörite baýragyna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.
-Indoneziýanyň ýaş alymlar assosiýasynyň (IYSA) iň gowy ylmy iş üçin “semi grand award” baýragyna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.
Ýaşlaryñ Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigi jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylymy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça geçirilip 24 ýurtdan 446 topar gatnaşdy.
Bu Halkara bäsleşik Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy tarapyndan guralyp, onuň çäklerinde dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň gelejegi maslahatlaşylýar, ylmyň we tehnologiýanyň gelejegine täsirini ýetirip biljek alymlaryň we inženerleriň ýeten üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrylýar. Halkara bäsleşik oňa gatnaşyjylar üçin ylmy işleri bilen tanyşdyrmak we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle-de bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmek üçin amatly meýdança boldy.