Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­da yz go­ýan be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň, akyl­dar­la­ry­nyň, öň­den­gö­rü­ji da­na­la­ry­nyň eden iş­le­ri, gal­dy­ran eser­le­ri, ýa­şan dur­mu­şy bi­ziň be­ýik we şan­ly geç­mi­şi­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Esa­sa­nam, or­ta asyr­lar­da ýa­şap ge­çen ylym adam­la­ry­nyň ara­syn­da ze­nan maş­ga­la­nyň bol­ma­gy hal­ky­my­zyň aýal maş­ga­la we yl­ma bo­lan hor­mat-sar­pa­sy­nyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar. Sel­juk­lar za­ma­nyn­da bi­ziň top­ra­gy­myz­da yl­myň gül­läp ösüp, dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kan­dy­gy mä­lim­dir. Şol dö­wür­ler­de di­ňe bir er­kek adam­la­ryň däl, eý­sem, ze­nan­la­ryň hem bi­lim alyp, döw­let işin­de iş­le­me­gi bel­le­ni­lip ge­çil­mä­ge my­na­syp­dyr. Biz şu ma­ka­la­myz­da şeý­le ze­nan­la­ryň bi­ri, Sol­tan San­ja­ryň köş­gün­de iş­län Ma­hes­ti Me­ni­jä­niň ömür ýo­ly ba­ra­da gür­rüň et­me­gi ma­kul bil­dik.
Ma­hes­ti Me­ni­je 1121-nji ýyl­da türk­men­le­riň ir za­man­lar­da köp­çü­lik­le­ýin ýa­şa­ýan ýe­ri bo­lan, Ow­ga­nys­ta­nyň Balh we­la­ýa­ty­nyň Balh şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol ylym-bi­lim, tä­lim-ter­bi­ýä­ni öz dog­duk me­ka­nyn­da alyp, ke­ma­la ge­len­soň, Balh­dan Mer­we (Ma­ra) ge­lip, Sol­tan San­ja­ryň (1118-1157) köş­gün­dä­ki kä­tip­ler di­wa­nyn­da işe ýer­le­şip­dir. Ol bu ýer­de ep-es­li wagt­lap ne­dim, kä­tip bo­lup iş­läp­dir.
Me­ni­je örän gör­me­geý we şa­han­daz gyz bo­lup­dyr. Ol çeň saz gu­ra­ly­ny çal­ma­ga, my­la­ýym se­si bi­len aý­dym aýt­ma­ga, şy­gyr, ylaý­ta-da ru­ba­gy ýaz­ma­ga hem-de küşt oý­na­ma­ga-da bi­çak ez­ber bo­lup­dyr. Şeý­le bo­lan­soň, ony Sol­tan San­ja­ryň äh­li zy­ýa­rat­la­ry­na, mej­lis­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­dy­ryp­dyr­lar. Sol­tan ony öz mej­li­sin­de il­kin­ji ge­zek gö­ren­de, üýt­ge­şik ze­nan­lyk gö­zel­li­gi­ne sy­ny otu­ryp: «Ma­hest!» («Aý ýa­ly») di­ýip­dir. Aý­dy­ly­şy­na gö­rä, şon­da­nam oňa Ma­hes­ti la­ka­my ga­lyp­dyr. Köşk emel­dar­la­ry il­ki-il­ki­ler Me­ni­jä, mej­lis­le­riň, zy­ýa­rat­lar­dyr dür­li otu­ry­şyk­la­ryň be­ze­gi hök­mün­de ga­ran bol­sa­lar, so­ňa­ba­ka bu gy­zyň çeň çal­ma­ga, aý­dym aýt­ma­ga ez­ber­li­gi­ne göz ýe­ti­rip ug­rap­dyr­lar. Çe­ňiň ýa­kym­ly owa­zy­na go­şup, kä­te özü­niň, köp­lenç bol­sa, köşk­de bi­le iş­le­şip ýö­ren (Emir Munz­zi, En­wer…) ýa-da özün­den az-kem öň dün­ýä­den öten, (Ab­dyl­mä­lik Bur­ha­ny, Omar Haý­ýam…) gör­nük­li şa­hyr­la­ryň şy­gyr­la­ry­ny pes­saý­dan my­la­ýym se­si bi­len aý­dym edip aý­dar eke­n. Oňa so­ňa­ba­ka Ma­hes­ti Çe­ňi di­ýip baş­lap­dyr­lar.
Köşk­de hä­li-şin­di ge­çi­ri­lip dur­lan mej­lis­ler­dir zy­ýa­rat­la­ryň bi­ri­niň ahy­ryn­da, Sol­tan San­jar ýö­ne ýe­le­ji­re­mek üçin­mi ýa-da aty­na at­la­nyp git­mek üçin­mi da­şa­ryk çy­kyp­dyr, gör­se gar ýa­gyp, bar ýer ak­ly­ga bü­re­nip­dir. Sol­tan mu­ňa haý­ran ga­lyp: «Bäh, ýa­ňy ge­le­ni­miz­de-de beý­le däl­di-le» di­ýip­dir. Sol­tan sö­zü­ni ta­mam­lan ba­dy­na onuň ýa­ny bi­len daş çy­kan­la­ryň ara­syn­da du­ran Ma­hes­ti ýü­zü­niň ug­ru­na bir ru­ba­gy aý­dyp­dyr:
Bar sol­tan­dan ezen gö­rüp Hak se­ni,
As­man­dan bagt atyn gön­der­di gö­ni!
Ha­pa bas­maz ýa­ly al­tyn nal­ly at,
Kü­müş bi­len ört­di äh­li meý­da­ny.
Bu tä­sin ru­ba­gy kä­te şy­gyr ýaz­ýan Sol­tan San­ja­ra bi­çak güýç­li tä­sir eden bo­lar­ly. Ol bu şyg­ry eşi­den ba­dy­na: «Bä-ä, bu gö­zel gyz şa­hy­ram oguş­ýa! Nä­me ma­ňa aýt­man­sy­ňyz?! Mu­ňa in­di­den beý­läk şa­hyr hök­mün­de-de be­lent sar­pa go­ýul­ma­ly­dyr!» di­ýip, şon­dan soň ony öz ho­wan­dar­ly­gy­na alyp­dyr. Şeý­le­lik­de, Ma­hes­tä sol­tan bi­len has ýyg­jam gat­na­şyk­da bol­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­räp­dir. Ol be­ýik sol­ta­nyň özü­ne bil­di­ren hos­sar­ly­gy­na jo­gap edip, bir­nä­çe ru­ba­gy­lar dö­re­dip­dir. Şo­lar­dan bi­ri:
Şa, Hak­dan di­le­ýän, ýa­şa, müň ýyl­lar,
Sa­ýaň­da bag­ty­ýar ör­ňe­sin il­ler!
Her ýyl müň aý bol­sun, her aý­da müň gün,
Her sa­gat müň gü­ne bol­sun ba­ra­bar!
Şon­dan soň sol­tan hem onuň ez­ber­lik bi­len çal­ýan şi­rin owaz­ly saz­la­ry­ny, ze­nan kal­byn­dan sy­zy­lyp çyk­ýan ne­pis ru­ba­gy­la­ry­ny ýy­gy-ýy­gy­dan diň­läp du­rup­dyr. Şeý­le­lik­de, Ma­hes­ti Me­ni­je Sol­tan San­ja­ryň köş­gün­de dür­li we­zi­pe­ler­de ab­raý bi­len iş­län şa­han­daz ze­nan şa­hyr hök­mün­de ta­na­lyp­dyr.
Sol­tan San­ja­ryň ara­dan çyk­ma­gy we Be­ýik sel­juk döw­le­ti­niň syn­ma­gy ne­ti­je­sin­de Ma­hes­ti Merw­den-Gen­jä – söý­gü­li­si, şa­hyr ýi­git Emir Ah­me­diň me­ka­ny­na gi­dip­dir. Bu ba­ra­da Ma­hes­ti­niň şeý­le bir ru­ba­gy­sy hem bar:
Ýok­dur yşk der­di­ne döz ge­len men­çe,
Je­pa­nyň ser­he­di ýok­my se­niň­çe?!
Di­ýip­diň: «Gen­je­de ýe­ters my­ra­da»,
Yn­ha men, ine sen, ine-de Gen­je!
Şun­dan gör­nü­şi ýa­ly, Emir Ah­met Merw­den git­me­li bo­lan­da, Ma­hes­ti bi­len iki­si öza­ra dil­le­şen bol­ma­ly, ga­raz Emir Ah­met bi­len Ma­hes­ti iki­si bir­nä­çe wagt­lap Gen­je­de ýa­şap­dyr­lar. Ýö­ne er­ka­na­lyk, do­gum­ly­lyk ga­nyn­da bo­lan, hüý-hä­si­ýet­le­ri, oguz gy­zy­nyň er­ka­na he­re­ket­le­ri, ýaz­ýan şy­gyr­la­ry, çeň çal­ma­gy Emir Ah­me­diň ru­ha­ny ka­ka­sy Ha­ty­ba-da, Gen­jä­niň hä­ki­mi­ne-de ýa­ra­ma­dyk bo­lar­ly. Ma­hes­ti­ni bir­syh­ly ýa­nap ug­rap­dyr­lar. Şol se­bäp­li olar Ma­hes­ti Me­ni­jä­niň dog­duk Di­ýa­ry – oguz­la­ryň bir me­ka­ny Bal­ha git­me­li bo­lup­dyr­lar. Ola­ryň ge­le­ni­ni eşi­den ýer­li şa­hyr­lar bir gün ola­ra ba­ryp­dyr­lar. Ma­hes­ti hem hos­sar­la­ry­na hez­zet-hor­mat edip, üs­ti naz-nyg­mat­ly bol sa­çak ýa­zyp­dyr. Ýö­ne şon­da Ma­hes­ti en­tek sa­ça­ga el uza­dyl­man­ka, bir tap­ma­ça-ru­ba­gy aý­dyp, şo­ňa jo­gap ber­mek­le­ri­ni so­rap­dyr.
Ol ni­çik og­ru­dyr, öýe gir­se tiz
Öý de­şik­den ga­çar, do­lan­maz her­giz?!
Og­ra-da bu öý däl, ge­rek eýe­si,
Öý git­di, eýe­si çyr­pyn­ýar ejiz.
Balh­ly şa­hyr­lar mu­ňa jo­gap tap­man otur­ýar­lar. Şol wagt öýe gi­ren Ma­hes­ti­niň ýan­ýol­da­şy Ta­jed­din Emir Ah­met Ibn Ha­tyn Gen­je­wi öz myh­man­la­ryn­dan nä­me üçin sa­ça­ga el uzat­man otu­ran­dyk­la­ry­nyň se­bä­bi­ni so­ra­ýar. Ah­wa­la­ty bi­len­den soň, ol myh­man­la­ra de­rek bir ru­ba­gy bi­len şol tap­ma­ça­nyň jo­ga­by­ny be­ren­miş.
Og­ry – ba­lyk­çy hem onuň to­ru­dyr,
Öý de­ňiz­dir-suw­dyr, suw­laň şo­ru­dyr.
Suw tor­dan sü­zü­lip, çyk­dy da­şy­na,
Tor­da ba­lyk gal­dy, ol şoň gö­rü­dir.
Şon­dan soň, balh­ly şa­hyr­lar Emir Ah­me­de min­net­dar­lyk bil­di­rip, deg­şip-gül­şüp sa­ça­ga el uza­dyp­dyr­lar.
Öz­bo­luş­ly ze­hi­ne, uky­ba, tä­sin yk­ba­la eýe bo­lan gör­nük­li şa­hyr Ma­hes­ti­niň Sol­tan San­ja­ryň köş­gün­dä­ki, Gen­jä­niň hem Balh­da­ky baş­dan ge­çi­ren dur­muş ah­wa­la­ty, onuň dö­re­den dür­li gür­rüň­ler­dir he­ka­ýa­la­ry en­tek onuň özi di­ri­kä dil­den-di­le, il­den-ile, ýurt­dan-ýur­da ge­çip, uly şan-şöh­ra­da eýe bo­lup­dyr. Mun­zed­din Ars­lan Ibn Tog­rul pa­ty­şa­lyk eden döw­rün­de (1161-1176) öz köş­gün­de iş­läp ýö­ren as­ly ho­rezm­li türk­men şa­hy­ry Jöw­he­ri Zer­gä­re be­ýik aga­la­ry­nyň bi­ri Sol­tan San­ja­ryň köş­gün­de en­çe ýyl­lap iş­län, şa­hyr­çy­lyk eden, soň­ra gen­je­li şa­hyr Emir Ah­me­de dur­mu­şa çy­kan tä­sin yk­bal­ly şa­hyr ze­nan Ma­hes­ti hak­da­ky gür­rüň­le­riň, he­ka­ýa­la­ryň esa­syn­da des­san ýaz­ma­gy tab­şy­ryp­dyr. Jöw­he­ri Zer­gär bol­sa, sol­ta­nyň tab­şy­ry­gy­ny ber­jaý edip, özü­niň «Ma­hes­ti hem Emir Ah­met» des­sa­ny­ny dö­re­dip­dir. Bu des­san XII asy­ryň 60-70-nji ýyl­la­ryn­da ýa­zy­lyp­dyr. Onuň baş gah­ry­ma­ny Ma­hes­ti bol­sa, şol asy­ryň 80-nji ýyl­la­ryn­da bar eken. Jöw­he­ri Zer­gär özü­niň bu des­sa­ny­ny Ma­hes­ti­niň hem onuň ýan­ýol­da­şy Emir Ah­me­diň öz şy­gyr­la­ry esa­syn­da ýa­zyp­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň sa­ýa­syn­da türk­men ze­nan­la­ry­nyň oka­ma­gy, dö­ret­me­gi, ýur­du­my­zyň gül­läp ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da döw­let iş­le­rin­de, mil­li par­la­men­ti­miz­de, dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­myz­da we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da türk­men ze­nan­la­ry­nyň iş­le­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Türk­men ge­lin-gyz­la­ry ta­ryh­da öz­le­ri­niň asyl­za­da­ly­gy, maş­ga­la we­pa­ly­ly­gy, çe­per el­li­li­gi bi­len meş­hur bo­lan bol­sa­lar, hä­zir­ki wagt­da öz­le­ri­niň ýi­ti ze­hi­ni, ha­lal zäh­me­ti bi­len döw­rüň se­si­ne ses goş­ma­gy ba­şar­ýar­lar.
Ze­nan­la­ry­my­zyň mer­te­be­si­ni be­len­de gö­te­rip, ola­ryň iş­le­me­gi, dö­ret­me­gi we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ala­da ed­ýän Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, ba­şy dik, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç bol­sun.

Aý­je­mal Dur­dy­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Be­ýik Sapar­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Har­by ins­ti­tu­ty­nyň Jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.