2013-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji sessiýasy ýabany tebigat meselelerine düşünmek maksady bilen 3-nji marty Ýabany tebigatyň bütindünýä güni diýip yglan etmek kararyna geldi. Sene, 1973-nji ýylda ýabany haýwanat we ösümlik dünýäsiniň halkara söwdasy baradaky konwensiýanyň (CITES) kabul edilmegine gabat gelýär, bu howp abanýan görnüşleriň halkara söwdasyny kadalaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Ondan öň, 2013-nji ýylyň 3-14-nji martynda Bangkokda geçirilen Taraplaryň CITES konferensiýasynyň (COP-16) 16-njy mejlisiniň karary bilen 3-nji marty Ýabany tebigatyň bütindünýä güni diýip yglan etmek teklip edildi. CITES rezolýusiýasyna COP-16 konferensiýasyny kabul eden we COP-16 netijelerini BMG-niň Baş Assambleýasyna hödürleýän Taýland Patyşalygy tarapyndan hemaýatkärlik edildi. Ýabany haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýitip barýan görnüşlerinde halkara söwda konwensiýasynyň sekretariaty, Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki degişli guramalary bilen bilelikde Ýabany tebigatyň bütindünýä gününi öňe sürýär. 183 döwletden ybarat bolan Konwensiýanyň Sekretariaty biodürlüligi gorap saklamak boýunça iň güýçli gural bolmagynda galýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









