Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda açylan “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde 3 tapgyrdan ybarat dünýä rekord synanyşygy geçirildi. Synanyşyklaryň üçüsi-de üstünlikli bolup, Türkmenistanyň aýratyn zehinli çagalary “Memoriad” mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny täzelediler.
Oňa halkara derejeli emin “MEMORIAD” atly Bütindünýä Zehin Sport Olimpiadasynyň esaslandyryjysy Melik Duýar gatnaşdy we bu dünýä rekordlaryny hasaba aldy.
Ilkinji rekordy Türkmenabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Rowaç Begenjow täzeledi. Onuň goýan rekordy iň çalt ýatdan goşmak görnüşinde bolup, 100 sany bir belgili sanlary dogry goşup we yzygiderli üç gezek dogry netije görkezdi. Ozalky dünýä rekordy 2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Ömer Ýigit Agmanyň rekordy hasaba alnypdy. Ozalky rekord 19,88 sekundyň dowamynda goýlupdy. Täze rekord bolsa, 16,34 sekuntda goýuldy. Dünýä rekordynyň eýesi Rowaç Begenjowy “Kämil bilim” okuw merkeziniň mugallymy Meýlis Jelilow taýýarlady.
Ikinji rekord Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aly Oraşow tarapyndan täzelendi. Onuň goýan dünýä rekordy “Flaş Anzan” görnüşinde bolup, ol her sekundyň dowamynda 2 belgili 150 sany 0,3 sekunt tizlik bilen goşmak boýunça synanyşdy. Iň soňky rekordyň eýesi hindistanly Mişti Dharmeş Şah bolup, onuň rekordy 2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde 5200 utuk bilen 325 sany 2 belgili sanlary 0,5 sekunt tizlik bilen goşmakda hasaba alnypdy. Aly Oraşow 125 sany 2 belgili sanlary 0,3 sekunt tizlik bilen goşup, täze dünýä rekordynyň eýesi boldy.
3-nji rekord Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Mekan Batyrow 10 sany 8 belgili sanlary biri-birine köpeltmek görnüşinde 52,259 utuk bilen 172,22 sekundyň dowamynda dünýä rekordyny täzeledi. Bu ugurdaky ozalky dünýä rekordy 2016-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Las Wegasda koreýaly Jeonghi Liniň goýmagynda hasaba alyndy.