Türkmen diplomatiýasynyň häzirki zaman ösüşi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň köpugurly kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy babatda öňden gelýän döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny bellemek zerurdyr.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ulgamda iki ýurduň hem ägirt uly kuwwaty bar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda parlamentara gatnaşyklara, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ýaşlar syýasaty, zenanlaryň meseleleri boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Türkmenistan we Azerbaýjan ulag-logistika, energetika, agrosenagat, dokma senagaty ýaly ugurlarda uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşmegi giň gerimli halkara ulag geçelgelerini döretmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde halkara ähmiýetli örän iri ulag çatrygy hökmünde Hazar sebitiniň orny barha ýokarlanýar.
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin hem iki ýurduň arasynda geljegi uly mümkinçilikler bar. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilmegi möhüm waka boldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatda hyzmatdaşlyk etmeginde täze tapgyr bolup durýar.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda hem hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu babatda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň üçtaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk etmegi ugrunda giň tagalla edildi. Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe halkara, sebit meselelerini parahatçylykly, syýasy ýollar bilen çözmegiň tarapdarydyr.
Orazmuhammet KAKAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.