Dünýäniň iň köp önüm öndürýän ýurdy bolan Hytaýyň eksporty artýar. Aprel aýyndaky eksport geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8,1 göterim ýokarlanyp, import 0,2 göterim azalypdyr. Bilermenler eksportyň 1,9 göterim artmagyna, importyň 5,9 göterim peselmegine garaşýardylar. Mart aýynda eksport 12,4 göterim ýokarlanan bolsa, import 4,3 göterim azalypdyr. Hytaýyň eksporty Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna (ASEAN) we Ýewropa Bileleşigi döwletlerine artypdyr. Ýylyň birinji çärýeginde ýurduň eksporty 6,9 göterim ýokarlanypdyr, importy 6 göterim azalypdyr.
Bägül Gurbanlyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.