14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Ilçi A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ruandanyň Hökümetini ýene-de bir gezek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) ýokary derejede gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ruandanyň Hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar we bu ädimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi boljakdygyny nygtadylar.