30-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zambiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbäniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy.
Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.
Zambiýa Respublikasy 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna işjeň gatnaşdy.