«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň deňiz flotunyň gurluşygy üçin Yslam ösüş banky we OPEK gaznasy bilen baglaşylan maliýeleşdirme Ylalaşyklaryň çäginde iki sany «Ro-Ro» görnüşli demirýol paromyny we bir gury ýük gämisiniň taslamasyny taýýarlamak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak boýunça tender yglan etdi. Gämi gurluşygy «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda amala aşyrylar.
Taslama ýurdumyzyň milli deňiz flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem gämi gurluşyk mümkinçilikleriniň ösmegine gönükdirilendir. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi, deňiz ulaglarynyň durnukly ösmegine we Türkmenistanyň umumy ösüş strategiýasynyň çäginde pudagyň ykdysadyýete goşýan goşandyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.
«Balkan» zawodynda gämileriň gurluşygy täze iş orunlaryny döreder, türkmen inženerleriniň we işçileriň hünär derejesini ýokarlandyrar, şeýle hem pudagyň geljekki ösüşi üçin mümkinçilikler açar.
Tender barada giňişleýin maglumatlary aşakdaky salgylardan alyp bilersiňiz: www.isdb.org, www.dgmarket.com, tmrl.gov.tm