Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň 2025-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da ka­bul eden ka­ra­ryn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öz­gert­me­le­riň we ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap hu­kuk de­re­je­si­ne da­ýa­nyp, Ýer ýü­zün­de döw­let­ler, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň hem-de dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne dost­luk­ly, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da top­lan gym­mat­ly sy­ýa­sy tej­ri­be­si se­bit­de we dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­ga, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, 86 döw­le­tiň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gin­de «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip bi­ra­gyz­dan yg­lan et­di. Bu ta­ry­hy wa­ka hormatly Prezidentimiziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da öňe sü­ren mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş ýü­zün­de ka­nu­na­la­ýyk dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki yk­rar­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de is­len­dik döw­le­tiň yk­dy­sa­dy ösü­şi di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we dur­nuk­ly­lyk ýag­da­ýyn­da müm­kin­dir. Şo­ňa gö­rä-de, Bi­ta­rap­ly­gyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­niň bu gün türk­me­nis­tan­ly­la­ryň tu­tuş süň­ňü­ne or­na­şan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin. Ola­ryň her bi­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň öňün­dä­ki be­lent jo­gap­kär­çi­li­gi­ni aň­ry­ýa­ny bi­len du­ýup ýa­şa­ýar. Şeý­le jo­gap­kär­çi­li­giň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň sars­maz ýö­rel­ge­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gy­my­zyň gi­rew­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni anyk aýt­mak bo­lar.
Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy, il­kin­ji no­bat­da, tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len çöz­mek, äh­li halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi ýo­la goý­mak üçin yg­ty­bar­ly ke­pil­dir. Diý­mek, türk­men Bi­ta­rap­ly­gy Ýer ýü­zün­dä­ki ýurt­la­ryň her bir ýa­şaý­jy­sy­na pa­ra­hat­çy­lyk we bagt ge­tir­ýär.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si eziz Wa­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä ýü­zün­de il-ulus­la­ryň we Ze­mi­niň gel­je­gi ha­kyn­da­ky we­zi­pe­le­riň mak­sa­da­la­ýyk çöz­güt­le­ri­niň üp­jün edil­me­gin­de esa­sy or­nu­ny kes­git­le­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty adam­za­dyň pa­ra­hat gel­je­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da­ky we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne hem gö­nük­di­ri­len­dir. Da­şa­ry ýurt­la­ryň döw­let­le­ri­dir hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bar­ha gi­ňel­ýän we maz­mun taý­dan baý­laş­ýan gat­na­şyk­la­ry­myz bol­sa he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­lent­di­gi­niň buý­sanç­ly gü­wä­si­dir.
Hal­ky­my­zy ösüş­le­riň şan­ly men­zil­le­rin­den aý­dyň er­tir­le­re alyp bar­ýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Orazbibi REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öwreniji mugallymy.