Her ýylyň 7-nji aprelinde güneşli Diýarymyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. Aýdym-sazly dabaralary, ulgamyň ösüşlerini açyp görkezýän sergileri, maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini öz içine alýan bu baýramçylykda çuňňur many-mazmun örboýuna galýar. Bu gün berkarar döwletimizde raýat saglygynyň goragy döwlet derejesinde ileri tutulýan baş wezipe. Esasy Kanunymyzdaky «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen binýatlaýyn kada hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge bu wezipäni öz içine alýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli tagallalaryň netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamyny barha döwrebaplaşdyrmak üçin belent maksatlar göz öňünde tutulýar.
7-nji aprelde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şanly sene mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Paýtagtymyzda guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde – Köpetdagyň ajaýyp dag etegindäki Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy we şäheriň merkezi böleginde – Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem dabaraly geçirildi. Bu ajaýyp baýram mynasybetli 1 – 7-nji aprel aralygynda Diýarymyzyň çar künjeginde dürli çäreler guraldy. Mowzuklaýyn maslahatlar, «tegelek stol» duşuşyklary, sergiler, okuw sapaklary, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çärelerdir dabaralar, sport ýaryşlary şolaryň hataryndadyr.
Bu sport-sagaldyş çäreleri sagdynlygy we ruhubelentligi wagyz-nesihat etmegiň täsirli serişdesi bolup hyzmat edýär. Bütindünýä saglyk gününde welosipedli ýörişler köp adamly bolup, bu sport çäresiniň bähbitli täsiri ýylsaýyn ýokarlanýar.
Welosport barada aýdylanda, ol sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen we dünýäde giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Biziň ýurdumyzda hem uly meşhurlyga eýe bolan welosiped sportunyň özboluşly taryhy bar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, hokkeý, tennis boýunça halkara ýaryşlar eziz Diýarymyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä äşgär etdi.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramyna öwrülýän Bütindünýä saglyk güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, dünýä halklaryny agzybir maksatlaryň daşynda jemleýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny goramak, şu maksat bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ählihalk derejesinde rowaçlandyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan giň möçberli işleri rowaçlyklara beslensin!
Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.