Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda dünýäniň köp sanly döwleti, halkara we sebit guramalary bilen söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika pudaklarynda, işewür hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Halkara guramalar barada aýdylanda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly ýene-de köp sanly halkara we sebit guramalaryny agzamak bolar.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ýene-de bir möhüm gurama – Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek derejesine eýe boldy. Golaýda Türkiýe Respublikasynyň gurnamagynda YHG-niň 14-nji Sammiti geçirildi. Şol sammite gatnaşan milli Liderimiz bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň çygrynyň giňeldilmegi ugrunda köp sanly oňyn başlangyçlary öňe sürdi.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga has köp ähmiýet berilýär. Bu sammitiň çäklerinde hem milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky oňyn teklipleri bilen çykyş etdi. Ýurdumyz bu gurama başlyklyk edýän döwründe şu ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berer.
Hormatly Prezidentimiziň YHG-niň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýarys diýip belleýşi ýaly, ýurdumyz häzirki wagtda bu guramadaky hyzmatdaşlary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny alyp barýar. Şeýle hem milli Liderimiziň Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermegiň taslamalary babatdaky oňyn teklipleri guramanyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz sebitiň esasy ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrüldi. Bu babatda ýurdumyzda giň gerimli taslamalar amala aşyryldy we ýene-de köp sanly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan, ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem YHG-niň çäklerinde möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyz gurama boýunça hyzmatdaşy hem-de iň ýakyn goňşusy Owganystanda ulag-aragatnaşyk düzümleri boýunça köp sanly taslamalary durmuşa geçirýär. Şeýle hem «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesi hem YHG-niň agza ýurtlarynyň käbiri bilen üstünlikli amala aşyrylýan taslamalaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda Gündogar-Günbatar ugry boýunça, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden yklymyň Ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek baradaky teklibi, Hazar deňzi boýunça günbatar-demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlary bilen hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagy boýunça oňyn başlangyçlary sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Umuman, milli Liderimiz eziz Diýarymyzyň bähbitlerini nazarda tutup, dünýäniň döwletleri hem-de halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurdaky halkara we oňyn başlangyçlary ählumumy parahatçylyga hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Gülşat ATAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.