Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
PDF









