“Technovation Girls” halkara maksatnamasynyň Türkmenistandan bolan ilçisi Saparguly Magtumow Ilçileriň Liderligi Bütindünýä Sylagy – GALA-2025 (Global Ambassador Leadership Award) abraýly baýragyň eýesi boldy. Saparguly belent abraýly baýragy Türkmenistanda “Technovation Girls” maksatnamasyny üstünlikli ilerletmäge we durmuşa geçirmäge goşandy üçin aldy hem-de GALA sylagyna eýe bolanlaryň arasynda ilkinji ýetginjek ilçi boldy.
Maksatnamanyň Technovation-yň Kaliforniýadaky ştab-kwartirasyndan bolan utgaşdyryjysy Megan Blegiň sylaglamak dabarasynda belleýşi ýaly, maksatnamanyň çäklerinde Saparguly Türkmenistanda bolşy ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde-de ilçileriň ajaýyp topary bilen yhlasly işledi. Aşgabatda maksatnamanyň wezipelerini ýerine ýetirmekden başga-da, ol topara tehniki taýdan goldaw berdi we tutuş ýurt boýunça ilçileri üstünlikli utgaşdyrdy.
Onlaýn görnüşde geçirilen sylaglamak dabarasy Technovation Girls maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň 117-sinden ýaş ilçileri bir ýere jemledi. Her ýylky däbe görä, liderlik babatda, jemgyýetçiligi pugtalandyrmak we maksatnamalaýyn adwokasiýa boýunça bilelikde işlemekde uly üstünlikleri görkezen ilçileriň 4-si baýragyň eýeleri boldular diýlip yglan edildi. Şu möwsümde Türkmenistanyň wekilinden başga-da, Ispaniýadan, Nigeriýadan we Gyrgyzystandan hem ilçiler baýragyň ýeňijileri boldular.
“Technovation Girls” halkara maksatnamasy Türkmenistanda dört ýyl bäri amala aşyrylýar. Taslama durmuş taýdan telekeçiligi ösdürmäge hem-de STEM (ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematika) ulgamlarynda ýaş gyzlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen ählumumy başlangyç görnüşindedir. Gyzlaryň arasynda geçirilýän iri tehnologik bäsleşigiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar toparlarda ýerli we halkara derejesinde kesgitlenen durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilen ykjam goşundylary döretmegiň üstünde işleýärler. Her möwsümiň tamamlanmagy bilen IT-bäsleşikleriň finalçy toparlary Kaliforniýada Bütindünýä Sammitine jemlenip, ol ýerde “Google”, “Meta” we “Amazon” ýaly öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň liderlerine öz taýýarlan mobil goşundylarynyň nusgasyny görkezýärler.
“Technovation Girls” maksatnamasynyň çäreleriniň geçirilmegi gatnaşyjylaryň häzirki zaman innowasiýalary we dünýädäki tejribeleri özleşdirmäge gyzyklanmalaryny we ymtylmalaryny artdyrmaga, bilimlerini we ukyplaryny giňeltmäge, şeýle hem sanly tehnologiýalaryň häzirki döwründe öz ýurtlarynyň üstünlikli ösmegine hut özleriniň gatnaşmagynyň wajypdygyna düşünmeklerine ýardam edýär.