Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew Skopýe şäherinde geçirilen «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly Demografik durnuklylyk boýunça sebit ministrler maslahatyna gatnaşdy. Halkara we sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan panel maslahatynda A.Ataýew çykyşynda ol adam maýasyny ösdürmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynyň geljekki isleglerini çaklamak we ykdysadyýet üçin zerur hünärmenleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekdi. Demografik ýagdaýlaryň ykdysady ösüş, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we zähmet öndürijiligi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan demografik mümkinçiliklere ýokary goşulan gymmatlyga esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmegiň strategik çeşmesi hökmünde garaýar.
Maslahatda ykdysady we maýa goýum ileri tutulýan ugurlarynyň bilim maksatnamalaryna geçirilmegini üpjün edýän model aýratyn bellenildi. Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň başarnyklary seljerilip, hünärli işgärleriň zähmet bazaryna çykmagy öňünden meýilleşdirilýär. Şeýle hem, amaly netije hökmünde 11 pudagy we 156 sany täze hünäri öz içine alýan, halkara tejribesine esaslanýan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» tanyşdyryldy.
Türkmenistan BMGÖM bilen bilelikde 2026–2027-nji ýyllar üçin «Adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň milli ulgamyny» taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu ulgam emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sanly platformany we hünär isleglerini çaklaýan analitik modeli öz içine alar. ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlyk bolsa demografik foresaýty we demografik diwidendden netijeli peýdalanmak üçin bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilendir.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
PDF









