11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara besläp, halkara derejede giňden belläp geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

12-nji dekabrda geçiriljek halkara foruma taýýarlyk görülýär
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň möhüm waka bolandygyny belledi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly manysy bar, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň, şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň mejlisi dabaraly ýagdaýda geçiriler
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir, şeýle hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berildi
Hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Awazada guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisi geçiriler
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.