Mälim bolşy ýaly, 21-nji awgust güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Kids ekspo 2025: “Ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ýurdumyzda eýýäm ikinjisi geçirilýän bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzdaky taryhy wakalara şaýatlyk etdi.
Mälim bolşy ýaly, halkara serginiň çäklerinde çagalaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşik geçirildi. Bu täsin matematiki bäsleşige 6-12 ýaşly mekdep okuwçylarynyň 116-sy gatnaşdy. Çagalar yzygiderlilikde, ýagny, 1 belgiliden başlap 5 belgilä çenli sanlary bellenen sanlyja sekuntlaryň içinde goşmak arkaly bäsleşdiler. Bir sagada golaý dowam eden bäslekde has köp dogry jogaplary beren çagalar olimpiadanyň ýeňijileri boldular.
Bäsleşigiň eminler toparyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 16 sany bilim merkeziniň mugallymlary girdi. Bäsleşigiň esasy bilermeni we hormatly myhmany hökmünde dünýä belli “MEMORIAD” atly Bütindünýä Olimpiadasynyň esaslandyryjysy Melik Duýar gatnaşdy. Onuň gatnaşmagy bu bäsleşigiň ähmiýetini artdyrdy we ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça halkara hereketler bilen baglanyşygyny görkezdi.
Ýeňijiler ýaş kategoriýalaryna görä birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji çagalar, altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglandylar. Olar:
6 ýaşly çagalaryň arasynda, Abdyrahman Amanow altyn, Marýam Bahadurowa kümüş, Aliýa Hallyýewa bürünç medal gazandylar. 7 ýaşly çagalaryň arasynda, Emir Myradow altyn, Mekan Rahmanow kümüş, Medine Nazarowa bürünç medala mynasyp boldular.
8 ýaşly çagalaryň arasynda, Muhammet Jelilow altyn, Kerim Permankuliýew kümüş, Ramzan Çaryýew bürünç medalyň eýesi boldular.
9 ýaşly çagalaryň arasynda, Mukam Rozgeldiýew altyn, Ybraýym Kerimow kümüş, Didar Myratgeldiýew bürünç medal gazanmagy başardylar.
10 ýaşly çagalaryň arasynda, Emrah Şamuradow altyn, Rowaç Begenjow kümüş, Ogulgerek Umarowa bürünç medala mynasyp boldular.
11 ýaşly çagalaryň arasynda Hojanazar Şahanow altyn, Merýem Annaýewa kümüş, Hezret Maşdyýew bürünç medalyň eýesi boldular.
12 ýaşly çagalaryň arasynda bolsa, Döwlet Anwarow altyn, Allaguly Ýusupow kümüş, Aýdyň Röwşengeldiýew bürünç medal gazanmagy başardylar.
Şularyň ählisi hem mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň çempionlary diýlip yglan edildi.
Dabaranyň ahyrynda ýeňijiler bilen bilelikde beýleki ähli gatnaşyjy çagalara Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanan baýraklar bilen sylaglandylar.
Şular ýaly zehinli çagalaryň “Kämil bilim”, “Zehin ýoly” we “Altyn Göreç” ýaly bilim merkezleriniň ýurdumyzyň ähli welaýalarynda çagalara goşmaça bilim berip, aýratyn taýýarlanylýandygy bellärliklidir.

“Kids Expo” – Zehinli çagalaryň mental arifmetikada 3 sany dünýä rekordy goýuldy.