28-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si Fi­lipp Mer­len bi­len du­şuş­dy.
Aş­ga­bat­da­ky dip­lo­ma­tik mis­si­ýa­sy­ny ta­mam­la­ýan Fran­si­ýa­nyň Il­çi­si özü­niň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­ny alyp ba­ran döw­rün­de be­ri­len hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw üçin türk­men ta­ra­py­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da türk­men-fran­suz gat­na­şyk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň esa­sy şer­ti hök­mün­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar we hyz­mat­daş­lyk­la­ryň tut­ýan or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
Du­şu­şyk­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar, hu­su­san-da, oba we suw ho­ja­ly­gy hem-de «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ta­rap­lar me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da köp ýyl­lyk öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.