Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2

16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar sebit we halkara gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.